RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýun

TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-ni...

DOWAMY
pic
22 Iýun

MEDENI FORUMYŇ DABARALY BADALGASY

Şu gün Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär. Indi onunjy gezek geçirilýän bu çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köp görnüşliligine do...

DOWAMY
pic
22 Iýun

ERKIN GÖREŞ BOÝUNÇA ILDEŞIMIZ ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA AZIÝANYŇ ÇEMPIONY

Gyrgyzystanayň paýtagty Bişkek şäheride 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça geçýän Aziýa çempionatynyň altyn medalyny türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow gazandy. Paýtagtymyzyň ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýan mekdep-internatynyň 9-njy synp okuwçysy bu üstünligi çempionlyk ugrunda 10 türgeniň bäsleşýän 65 kg çenli agram toparynda çykyş edip, gazandy.  Çempionatyň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna barýan ýolda Alp Arslan dörtden bir finalda Tumirlan Noruzbekow...

DOWAMY
pic
22 Iýun

«PARAHAT» MIWELERIŇ IRKI GÖRNÜŞLERINIŇ HASYLYNY GAÝTADAN IŞLEMÄGE GIRIŞDI

Tomsuň gelmegi bilen, hususy önüm öndürijiler miweli baglaryň irki görnüşleriniň hasylyny gaýtadan işlemäge girişdiler. Şu günler «Parahat» hususy kärhanasynda welaýatlaryň bagbanlarynyň ýetişdiren şetdaly, erik, alma miweleri satyn alnyp, olardan konsentrat we çaga iýmitleri öndürilýär. Kärhanada şu güne çenli miweleriň ýüzlerçe tonnasy gaýtadan işlenildi. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, şeýle-de eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek ugrun...

DOWAMY
pic
21 Iýun

SERGINIŇ GAHRYMANLARY ‒ REŇKLERDE WE BÜRÜNÇDE ŞEKILLENDIRILEN ZEHINLI ADAMLAR

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň surat we heýkel sergisi açyldy. Sergide, ilkinji nobatda, tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň portretlerine üns berlipdir. Şonuň üçin-de sergi surat galereýasyny ýatladýar. Sergi Türkmenistanyň halk artisti, professor Atageldi Garýagdyýewiň portreti ‒ Hakasiýanyň at gazanan suratkeşi Berdiguly Amansähedowyň işi bilen başlanýar. Onuň...

DOWAMY
pic
21 Iýun

TÜRKMEN PÄLWANY ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA GREK-RIM GÖREŞI BOÝUNÇA GEÇIRILÝÄN AZIÝA ÇEMPIONLYGYNDA BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDY

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň we 23 ýaşa çenli ýigitleriň arasynda grek-rim erkin we zenanlar göreşi boýunça Aziýa çempionaty başlandy. Ýaryşa 21 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan-da pälwanlar gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynda habar berişlerine görä, bu ýaryşa biziň ýurdumyzdan 23 türgen gatnaşýar.  Aziýanyň birinjiliginde ilkinji bolup grek-rim usulynda göreşýän pälwanlar güýç synanyşdylar. Göreşiň bu görnüşinde biziň topa...

DOWAMY
pic
21 Iýun

IKI ÝOKARY MEKDEPLERIŇ GEÇIREN MASLAHATY

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy ‒ onuň taryhy, häzirki döwri we geljegi» temadan maslahat geçirdiler. Çärä ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary, talyplary, döredijilik toparlary, şeýle hem «Türkmen logistika» Assosiasiýasynyň agzalary gatnaşdylar.  Duşuşygyň çäginde ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ‒...

DOWAMY