SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HALKARA ÄHMIÝETLI ÜSTAŞYR ULAG DÜZÜMI KEMALA GETIRÝÄR
Ýurduň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag düzüminiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyz bu ugurdaky ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ulag ulgamynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Gadymy döwürlerden bäri üstünden sebitiň wajyp söwda ýollary geçen Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşm...
HÜNÄR TAÝÝARLYK OKUWLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen we hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen ýaş harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakyldy we olara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendigi barada şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gün-günden ösýän we özgerýän Türkmenistan Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÝANYNDAKY ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ HALKARA MERKEZI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistan...
WENADA TÜRKMENISTAN - ÝHHG ULAG WE LOGISTIKA ÖSÜŞI ULGAMYNDA TEMA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Wena şäherinde "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen onlaýn formatda sebitleýin maslahat geçirildi. Bu maslahat, Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekiliýeti tarapyndan ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça edarasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde gurnaldy. Agzalan çäräniň işine ÝHHG-nyň ýurtlarynyň wekiliýetleri, hususy pudagyň wekilleri, akademiýalaryň, BMG-nyň we beýleki degişl...
ÝOKARY BILIM DEREJESINI GÖRKEZDILER
Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçylary ABŞ-de geçirilen FISO-2022 halkara Olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Uzak aralykdan geçirilen “Geljek intellektiň talyplarynyň olimpiadasy” atlandyrylan halkara ýaryşyň barşynda olar 21-nji baýrakly ýeri eýelediler. Ýaryşa jemi 20 ýurtdan 1271 okuwçynyň gatnaşandygyny bellemelidiris. Olar okuwçylaryň akyl-bilim derejesini, olaryň aglaba mekdep derslerini bilýändiklerini kegitlemäge mümkinçilik berýän toparlarda ýaryşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ MILLI NEBITGAZ KORPORASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. “CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapyl...
SUNGAT, ŞYGRYÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanan sergi guraldy. Serginiň birinji bölümi Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr. Şahyryň Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren heýkeli iň uly we görnükli eksponatdyr. Onuň ýanynda Döwletmämmet Azady bilen Magymgulynyň portretleri hem ýerleşdirildi. Olary çeken ‒ Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew. Bu bölümde kümüş şaý-s...