RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Iýun

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini,  ABŞ-nyň işewürleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konsern...

DOWAMY
pic
20 Iýun

ARPA ÝOKUMLY EKINDIR

Arpa Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde däp boýunça köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän däneli ösümlikleriň biridir. Ine, şu ýyl hem Daşoguz welaýatynda müň gektar ýere arpa ekmek meýilleşdirilýär. Bu galla önüminiň esasy öndürijisi S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda arpa 250 gektar ekiler. Arpa sebitiň oba hojalyk önümlerini öndürililer üçin wajyp ähmiýeti onuň diýseň gymmatly ýokumly iýmligindedir, çünki onuň düzüminde köp belok bar, şeýle hem ol krahmala baýdyr. Arpa atçylykda aýratyn gymm...

DOWAMY
pic
19 Iýun

ÝOLUŇYZ AK BOLSUN, UÇURYMLAR!

Türkmen döwlet maliýe institutynda şu okuw ýylyny üstünlikli tamamlan uçurymlara bagyşlanan dabara geçirildi. Bu baýramçylyk çäresine okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň wekilleri, mugallymlar, talyplar, elbetde, wakanyň esasy gahrymanlary ‒ uçurymlar gatnaşdylar. Yokary mekdebiň «Bagtyýarlyk joşguny» ansamblynyň eden çykyşlary bu ýere gelenleriň ählisiniň keýpine keýp goşdy. Duşuşyga gatnaşýanlar biziň ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň depginli ösüşine we kämilleşmegine berilýän aýratyn üns üç...

DOWAMY
pic
19 Iýun

SARAGT BABAÝEWIŇ USSAHANASYNDAN

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň şägirtleririniň işleriniň sergisi geçirildi. Hemmeleri ýakymly geň galdyran bu sergi sungatyň gadyr-gymmatyny bilýän köp adamy bu ýere jemledi. Sergide görkezilen işleriň birnäçesi öň hem dürli sergilerde goýlup, jemgyýetiň ünsüni özüne çeken suratlardy. Sergidäki surat, heýkel, keramika we gobelen işleriň awtorlary çeperçilik mekdebiniň talyplary. Olar suraty tomaşaça dogry ýetirmegiň üstünde işlemek üçin, okuwdan...

DOWAMY
pic
19 Iýun

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MILLI KOMISSIÝASY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGDUK MEKANYNA BARYP GÖRDI

Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýram edilmegi we onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna dabaralaryň taýýarlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň kätipligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde beýik türkmen akyldar şahyrynyň dogduk mekanyna sapar gurady. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň gahrymany Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Balkan welaýatynyň Ma...

DOWAMY
pic
19 Iýun

«DEGREPLAST» POLIMER ÖNÜMLERINI DAŞARY ÝURT BAZARLARYNA IBERÝÄR

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Degreplast» hojalyk jemgyýeti polipropilen we polietilen torbalaryň we örtgüleriň önümçiligini alyp barýar. 2017-nji ýylda önümçilige başlan kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy aýda 300 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde dokma önümçiliginde taýýar egin-eşikleri, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk önümlerini gaplamakda peýdalanylýan polipropilen we polietilen örtgüleriň dürli re...

DOWAMY
pic
18 Iýun

MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN GÖÇME MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Mary we Lebap welaýatlarynda toý saparlarynyň çäklerinde galla oragynyň barşy bilen tanşylandygyny aýtdy. Hormat...

DOWAMY