img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Awg

TÜRKMENISTANYŇ OKUWÇYLARY AZIÝANYŇ HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNA GATNAŞDYLAR

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynyň zehinli okuwçylary boýunça Aziýanyň Halkara matematika internet-olimpiadasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Bu matematika olimpiýadasyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan, has takygy, Hytaýdan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Özbegistandan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Gazagystandan we Kambojadan 3000-den gowurak okuwçy gatnaşdy. Aziýanyň Halkara matematika internet olimpiadasynyň jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we...

DOWAMY
pic
27 Awg

DIWAR ÜÇIN BEZEGLER

?Gültaraş» hususy kärhanasy bezegli asma potoloklary öndürmegi özleşdirdi.  Diwara  ýelmenýän suratly bezeg kagyzlary öndürmek üçin, kärhana ýokary mümkinçilikli ösen tehnologiýa enjamalary ulanýar.  – «Gültaraş» HK-da ýokary aýdyňlykda alnan surat arhiwi bar, – diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Sahymyrat Abdyrasulow aýdýar.  – Diwar kagyzlarynda Türkmenistanyň tebigaty, tropik täsinlikler, fransuz pastorallary, geometrik şekiller, tokaý jandarlary, relýefler we fakturalar şekillendirilip bi...

DOWAMY
pic
27 Awg

PAÝTAGTYMYZDA “ÝAŇLAN, DIÝARYM!” TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäherin...

DOWAMY
pic
27 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ AGZALARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy awgusdtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi. Myhma...

DOWAMY
pic
26 Awg

MIRAS HUKUGY EMLÄK HUKUGY BILEN AÝRYLMAZ BAGLANYŞYKLYDYR

Ýigrimi dört ýyl mundan öň Türkmenistanda Raýat kodeksi kabul edildi. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi raýat dawalarynda ýüze çykýan meseleleriň iş ýüzünde çözülmegi bilen bir wagtda bolup geçýärdi. Bu ýagdaýlary göz öňünde tutup, 1992-nji ýylda ýurtda Esasy Kanun kabul edildi, bu bolsa ýuristlara we hukukşynaslara ýerli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Biraz wagtdan soň, 1998-nji ýylda Raýat Kodeksi kabul edilýär, onda hemmeleri wajyp durmuş meseleleri boýunç...

DOWAMY
pic
26 Awg

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBIT EDARASYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri inçekeseli bejermek boýunça milli barlaglar toparynyň her ýylda geçirilýän maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşanlaryň arasynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, inçekeseliň öňüni almak we ony bejermek Merkeziniň we beýelki hassahanalaryň ylmy barlagçylary we hünärmenleri bar. Lukmanlar iki günläp keseli bejermegiň öňdebaryjy usullary barada pikir alyşdylar, geljekde bilelikdäki işleriň meýilnamasyny sazlaş...

DOWAMY
pic
26 Awg

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA PAGTA ÝYGYMYNA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Daşoguz welaýatynda jogapkärli çärä – ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygmaga taýýarlyk görülýär. 2022-nji ýylyň hasylyny ýokary depginde ýygnamaga degişli ähli ulgamlarda taýýarlyk işleri geçirilýär. Pagtany daşamaga 1600-den gowrak ulag çekiler. Sebitde şeýle hem pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýüzlerçesi işlediler. Şolaryň arasynda ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly kombaýnlaryň 200-den gowragy we Özbegistanda öndürilen traktorlara dakylýan МХ-1,8 kysymly pagta ýygyjy maşynlaryň ençemesi bar...

DOWAMY