RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ISLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64135/turkmenistanyn-prezid...

DOWAMY
pic
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY BÄSLEŞIK YGLAN ETDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy» atly halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, magistrleri, ýaşy 30-dan uly bolmadyk ýaş mugallymlary, aspirantlary, ylmy işgärleri özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan, öň hiç ýerde çap edilmedik türkmen, rus, iňlis dillerindäki ylmy makalalary bilen gatnaşyp bilerl...

DOWAMY
pic
16 Iýun

“TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN” MILLI NYŞANY HARYTLARYŇ HILINIŇ WE MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ BÄSDEŞLIGE UKYPLYLYGYNYŇ GÖRKEZIJISIDIR

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Döwlet Baştutanymyz durmuş ugurly syýasatymyz bilen baglylykda, bu meseläniň wajypdygyny nygtap, haryt nyşanyny döretmekde täze çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi we türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamdaky dünýä ölçeglerinden, öňdebaryjy tejribeden ugur almalydyklaryny, sanly ulgamyň mü...

DOWAMY
pic
16 Iýun

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ JOGAPKÄR SEKRETARY BILEN HHR-NYŇ ILÇISINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda Ýüpek ýolunyň arheologiki barlaglary boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hususan-da bu ugu...

DOWAMY
pic
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Prezidentleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy. Gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň özarabähbitli tagallalaryň birleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm ugurlar...

DOWAMY
pic
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ BEÝIK RUHY LIDERI AÝATOLLA ALI HAMENEÝI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideriniň kabulhanasyna bardy we ol ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy. Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň...

DOWAMY
pic
15 Iýun

ILDEŞIMIZ AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÝARYŞYNDA BÜRÜNÇ MEDALA MYNASYP BOLDY

Turkmenistanly Medine Amanowa, 2005-nji ýyldan soň dunyä inen türgenleriň arasynda agyr atletika boýunça Meksikanyň Leon şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň dünýä ýaryşynda itekläp galdyrmakda bürünç medal eýeledi. Ol bu üstünligi 59 kilograma çenli agram derejesinde gazandy, şonda 12 ýurtdan agyr atletikaçylaryň 14-si baýrak ugrunda bäsleşdiler. Medine itekläp galdyrmakda 83 kg göterdi. Şu görnüşde kümüş baýraga eýe bolan kolumbiýaly Dubaneý Sinisterra Angulonyň görkezijisi bilen deňdir we e...

DOWAMY