SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZDA AZYK BOLÇULYGYNY ÜPJÜN ETMEK DÖWLET ÄHMIÝETLI WEZIPEDIR
Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary artýar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň eksport kuwwaty pugtalanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmeginde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen...
MERKEZI AZIÝANYŇ WE HHR-YŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Myhman...
TÜRKMENISTANYŇ HÜNÄRMENLERI OWGANYSTANDA DEMIR ÝOL GURLUŞUGYNA DOWAM ETMÄGE GIRIŞÝÄRLER
?Türkmendemirýollary» agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganysta...
«ULY BAÝRAGYŇ GYMMATY» FILMINIŇ BAŞ GAHRYMANY ‒ SEÝIS
Bu günler režissýor Wepa Işangulyýewe we filmi surata düşürýän topary Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde göräýmek aňsat däl. Olar uzakly gün seýis Nurly aga we onuň ajaýyp bedewi Tumar baradaky filmi surata düşürýärler. Filmiň edebi esasyny ýazan doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler zähmet çekýän zehinli seýisleriň durmuşyndan bir sahypany açyp görkezipdirler. Filmiň gysgaça beýany. Nurly aga ýaşlygyndan ata höwesli bolýar. Olaryň sagdyn we owadan bolmaklarynyň aladasyny edýär...
ÝENE-DE RESUL GYLYJOW, BU GEZEK ‒ ÇIPOLLINO BILEN!
Dirižýor Resul Gylyjow öz döredijiliginde çagalar üçin ertekiler temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenmegi bilen kärdeşlerinden tapawutlanýar. Bu gezek ol Döwlet simfonik orkestriniň sazandalary bilen bilelikde aşgabatly oglan-gyzlary Karen Haçaturýanyň italýan ýazyjysy Janni Rodariniň «Çipollinonyň başdan geçirenleri» ertekisiniň baletine ýazan sazy bilen begendirdi. Konserti alypbaryjy, ajaýyp ertekiçi Wasiliý Andronow gürrüňini şeýle sözler bilen başlady: «Şadyýan gök önümleriň ýaşaýan obajygynyň i...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara...