SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR
16 awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy. “Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daş...
ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM ÇÄRELER GEÇIRILDI
16-njy awgustda günüň birinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa - Ýakyn Gündogar - Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ulag ministrleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi. Onda bu sebitlere girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hem-de üstaşyr döwletleriň ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa g...
AGYR ATLETIKAÇY GÜLNABAT KADYROWA V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNYŇ ÇEMPIONY BOLDY
Agyr atletikaçy Gülnabat Kadyrowa Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda iki altyn we bir bürünç medal gazanyp, çempion boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewden tälim alýan Gülnabat Kadyrowa 71 kg . çenli agramda silterläp 107 kg. altyn, itekläp 118 kg. göterip, bürünç medal eýeledi we jemi 225 kg. netije bilen altyn medal eýeledi, şeýlelik-de Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň çempiony boldy we Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň iki rekordyny goýdy. Bu...
TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
15-nji awgustda, duşenbe güni, Awazada açylan ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň we Abu Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlar ulgamyna goşma...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATDAKY ÇYKYŞY
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin! Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasyny...
FUTBOL: TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNDA «MERW» ÖŇE SAÝLANDY
Üçünji tapgyryň netijesine laýyklykda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdebaryjy topar belli boldy. Öz meýdançasynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utan «Merw» öňe saýlandy. «Merw» toparyndan Döwletmyrat Döwletmyradow (15-nji mnutda) we Daýanç Orazgulyýew (62-nji minutda), «Ahal» toparyndan Merdan Muhadow (71-nji minutda) tapawutlandylar. Meýdança eýeleri has uly hasap bilenem utup biljekdi. Ýöne «Merwiň» oýunçysy Begenç Allamow 43-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup b...
GUTERRIŞ DURNUKLY ULAG HEREKETLERINDE TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY
Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady. BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatna...