img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy. Şeýle hem jenap Suheil Al Mazrui BAE-niň...

DOWAMY
pic
13 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI SUHAÝL AL MAZRUINYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirat gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň arasyndaky ýokary ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynamly gepleşiginiň ýokary derejesi aýratyn bellenildi. Şeýle-de ministrler döwletleriň halkara guramalarynyň, hususan-da BMG...

DOWAMY
pic
13 Iýul

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ 8-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Daşary işler  ministrleriniň orunbasarlarynyň başlyklyk etmeklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi. Taraplar 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen kiçi komitetiň ýedinji mejlisinden bäri alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler, şeýle-de wekiliýetleriň agzalarynyň — iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatl...

DOWAMY
pic
12 Iýul

ÝERALMANYŇ BOL HASYLY ÝETIŞDIRILDI

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl bu welaýatda ýeralma sekiz müň sekiz gektar ýere ekildi, munuň özi geçen ýyldakydan has köpdür. Ekiniň aglaba bölegi Gurbansoltan eje we S.A. Nyýazow adyndaky etraplarda ýetişdirilýär. Şu günler ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak işleri dowam edýär. Bu işde Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe we Boldumsaz etraplary öňde barýarlar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda jemi 123 müň 20 tonna ýeralma hasyly ýygnalar. Munuň üçin her gekta...

DOWAMY
pic
12 Iýul

TÜRKMEN GROSSMEÝSTERI HALKARA ÝARYŞDA IKINJI ORNY EÝELEDI

Türkmensitanly grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň V açyk Halkara küşt ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň Başkent uniwersiteti bilen bilelikde guran ýaryşyna 7 döwletden we Türkiýäniň 44 wealýatyndan 600-e golaý küştçi gatnaşyp, olar 6 derejede çykyş etdiler. Iň güýçli “A” derejede mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplan azerbaýjanly grossmeýster Wugar Rasulow (FIDE-niň görkezijisinde 2458-nji) öňe saýlandy. 6,5 utuk topl...

DOWAMY
pic
12 Iýul

“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çapa taýýarlanylan bu neşir jemgyýetçilik durmuşynyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär. Žurnalyň bu sany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň “BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary” atly makalasy bi...

DOWAMY
pic
11 Iýul

TDHÇMB-NYŇ SÖW¬DA¬LA¬RYN¬DA GE¬LE¬ŞIK¬LE¬RIŇ 40-SY HA¬SA¬BA ALYN¬DY

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­synyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 40-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň we Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny sa­tyn al­dy­lar. “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuklan­dy­ry­lan gaz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki...

DOWAMY