img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Noý

TÜRKMEN TALYPLARY MATEMATIKA BOÝUNÇA HALKARA OLIMPIADASYNDA 53 MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen talyplary Silez uniwersiteti hem-de Polşa matematika jemgyýetiniň Ýokary Silez bölüminiň Kotowisada (Polşa) guran talyp toparlarynyň matematika boýunça Halkara olimpiadasynda dürli derejeli 53 medaly gazanmagy başardylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary – 13 altyn medala eýe boldular. Olardan dördüsini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, üçüsini Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gazandylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uni...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY KUWWATYNY ARTDYRÝAR

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada ýakynda gelen habarlardan soň, ýene bir gowy habaryň şaýady bolduk –Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda has döwrebap dokma toplumy açylar. Bu iki wakanyň arasynda 30 ýyl Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň çig mal ýurt statusyny düýpgöter üýtgedip, dünýä bazarynda gadyry artýan ýokary hilli dokma önümlerini öndürijä öwrülendigini görkezýän...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaş...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň jemlenmegin...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMEN SAMBOÇYLARY ÝENE-DE IKI BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR

Daşkent şäherinde geçrilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri ýene iki bürünç medaly gazanmagy başardy. Ýaryşyň  soňky güni bürünç medallary  sambo söweşiniň wekilleri Abdylla  Babaýew (71 kg agram derejesinde)  hem-de Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) gazandylar. Bu üstünlige barýan ýolda halkara derejeli sport ussady A.Babaýew Mger Merjanýandan (Ermenistan), Filipp Wirgelm Grafdan (Germaniýa) hem-de Alaýbek Umatowdan (Gyrgyzystan) üstün çykdy. Ýarym finalda bolsa Litwa...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANDA MILLI DÖM ÝERLIGI DÖREDILDI

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik» (DÖM) taslamasy bilen bilelikdäki DÖM-iň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak boýunça milli ýerlik döretmek işi tamamlandy. Ol Türkmenistan tarapyndan kabul edilen DÖM-iň görkezijiler sanawyna esaslanýar we ýurdumyzyň ýeten derejesini beýan edýän slaýderleri, DÖM-iň görkezijileri boýunça meta-maglumatl...

DOWAMY
pic
14 Noý

ASTANABABA OBASYNYŇ ÝENE BIR ÝADYGÄRLIGI – KYRK GÜMMEZ MEDRESESI

Astanababa obasynyň ýene bir ýadygärligi Kyrk gümmez atly Akmuhammet işanyň medresesidir. ХVII – ХIХ asyrlar aralygynda gurlan medrese halk binagärligi ýörelgesi esasynda bina edilipdir. Oba ilaty Alamberdaryň aramgähi bilen Zubeýdanyň guburynyň arasyndaky medresäni agtaryp başlanda onuň bir gümmezi ýerden ýokary galyp durdy. Gönüburçly bina talyplaryň hüjrelerinden we gümmezli medreseden ybarat bolupdyr, ol şol bir wagtyň özünde metjit bolubam hyzmat edipdir. Şol döwürdäki türkmen mimarla...

DOWAMY