img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Noý

TAGAN BERDIÝEW: TÜRKMENLERDEN ILKINJI AKADEMIK, TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY

Golaýda dünýä alymlary, professorlary we talyplary Bütindünýä Ylymlar gününi bellediler. Şol gün açyşlar, ýetilen derejeler ara alnyp maslahatlaşyldy, edilen işler, ylmyň ol ýa-da beýleki ugrunyň gözbaşynda duranlar buýsançly ýatlanyldy. Köp kişi geçene nazar aýlady. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki geçmişini bilmeýäniň geljegi ýok diýilýär. Türkmenistanda hem ýatlanara mynasyplar kän. Şolaryň biri-de ýurdumyzyň biliminiň we ylmynyň gözbaşynda duranlaryň biri Tagan Berdiýewiç Berdiýewdir. Şu ýyl...

DOWAMY
pic
14 Noý

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE DESGANYŇ GURLUŞYGY BILEN TANYŞDY WE IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde hem uly özgertmeler durmuşa...

DOWAMY
pic
14 Noý

HASYL TOÝY: TÜRKMEN DAÝHANLARYNYŇ ZÄHMETINIŇ ŞANYNA DABARALAR

Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderl...

DOWAMY
pic
14 Noý

PLASTMASSANYŇ ÝERINE EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA WE MODALY ESBAPLAR

Bütin dünýäniň daşky gurşawy hapalaýan plastika garşy göreşýän häzirki döwründe dürli ýurtlarda plastik torbalaryň deregine ekologiýa taýdan arassa çalşyrgyçlar hödürlenýär. Bular dury poliester torbalar, häzirki zaman moda biçüwçileri tarapyndan gaýtadan dikeldilen örme torbalar we mekgejöwen krahmalyndan öndürilen edil plastmassa meňzeş, ýöne ekologiýa taýdan arassa torbalardyr. Hatda, öň zibil hasaplanýan dökülen ýapraklardanam häzirki zaman tehnologiýasy azyk önümleri üçin kagyz we kagyz tor...

DOWAMY
pic
14 Noý

PARIŽDE ÝUNESKO-NYŇ ÝUBILEÝI BELLENILDI WE TÜRKMENISTAN BILEN GATNAŞYKLARA GARAÝYŞ

Indi 75 ýyl bäri ÝUNESKO adamzadyň medeni mirasyny gorag astynda saklaýar we köpeldýär, tebigy baýlyklary goraýar we bilimdir ylymyň ösüşine ýardam edýär. Häzirki zaman dünýäsinde bu guramanyň ähmiýetiniň bibahadygyny baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar-da bellediler. Guramanyň Pariždäki edarasynda geçirilen çärä döwletleriň we hökümetleriň 20-sinden gowragynyň baştutanlary, alymlar, sungat işgärleri gatnaşdylar.  BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş öz wideohatynda adamzat taryhynyň ýowu...

DOWAMY
pic
13 Noý

ÝURDUMYZYŇ OBA HOJALYGYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERINE DÖWLET SYLAGLARY GOWŞURYLDY

Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zähmetkeşleriň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäg...

DOWAMY
pic
13 Noý

ÖSÜŞ DEPGININE MÖHÜM GOŞANT

Ýurdumyzyň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri Türkmenistanyň umumydöwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, dürli görnüşli önümleriň öndürilmegine möhüm goşant goşmak bilen, türkmen ykdysadyýetiniň depginli we durnukly umumy ösüşini üpjün edýärler. Hususy hojalyklaryň oba hojalygyndaky görkeziljileri aýratyn täsir galdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mülkdar hojalyklarynda iň ýokary ös...

DOWAMY