SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TRT WORLD» TELEÝAÝLYMYNYŇ SOWALLARYNA JOGAP BERDI
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň barşynda Döwlet Baştutany dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini, dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny beýan etdi. «Öz gatnaşyklarymyzda biz hoşniýetli goňşuçylykdan, birek-birege hormat goýmakdan, doganlykdan we hal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Awstriýa Respublikasynyň ýolbaşçyla...
TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ IŞEWÜRLERI KÖPTARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Aşgabada iş sapary bilen Awstriýanyň işewürler topary bilen duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda energetika, ulag we logistika, ýeňil senagat, söwda we ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika, şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň ç...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy noýabrda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. R.Meredow özüniň giriş sözünde, Türkmenistanyň Awstriýa bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köpugurly özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Işjeň ýag...
AŞGABATDA TELEKOMMUNIKASIÝA WE IT-SENAGATYNYŇ HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Aşgabatda telekommunikasiýalar, telemetriýa we informasiýa tehnologiýalary boýunça «Türkmentel-2021» Halkara sergisini we ylmy maslahat geçirmek göz öňünde tutulýar. Geçen ýyl her ýyl geçirilýän bu çäre garyşyk görnüşde halkara onlaýn-gatnaşylmagynda geçirilipdi. «Türkmentel-2021» pudagyň milli, sebit we ählumumy ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin şol görnüşden peýdalanar. Soňky 12 ýylda bu çäre Türkmenistanyň telekommunikasiýa bileleşiginiň esasy gözden geçiri...
TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ TÄZE SANLY TASLAMALARY
?Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt 2021» innowasion taslamalar bäsleşigi ýakyn wagtda ýeňijileriň atlaryny yglan eder. Häzirki wagtda bolsa zehinli we geljegi uly ýaşlar bäsleşigiň maksatnamasyna goşulan käbir işleri barada gürrüň berdiler. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Maksat Nurmämmedow geljekde geýimler bilen synag geçirmegi ýüregine düwüp, ýörite görkezijilerden gurnalan futbol köýnegini döretdi. Içine ýerleşdir...
PAGTA ÝYGYMYNYŇ ÖŇDEBARYJYLARY
?Ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda pagta taýýarlamak baradaky öňde goýan beýik maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barha ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň...