SOŇKY HABARLAR
AÝNA ÖNÜMLERINIŇ EKSPORTY ARTÝAR
Ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy Ukraina aýnanyň birinji tapgyryny ugratdy. Türkmen aýna çykaryjylarynyň önüm eksport edýän ýurtlarynyň sany barha artýar. Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlar bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. Şu ýylyň 9 aýynda ýurduň daşyna 700 müň inedördül metrden gowrak aýna ugradyldy. Munuň özi tutuş geçen ýyldakydan-da has köpdür. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda bir milli...
HOŞMEÝILLI GOŇŞUÇYLYK GATNAŞYKLARY TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLILIGINDE
Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary şekillendiriş sungatynda» atly sergi-bäsleşigiň jemi jemlendi, oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary gatnaşdylar. Hoşmeýilli goňşuçylyk türkmeniň ganynda bar. Ýöne ýerden «Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy» diýilmeýär. Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary ýurduň daşary syýasatynyňam esasy ugry boldy. Ýaş nakgaşlar bu barada sungat dili bilen gürrüň berýärler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik ak...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň...
2021-NJI ÝYLYŇ 10 AÝYNDA TÜRKMENISTANYŇ JIÖ-IŇ ÖSÜŞ DEPGINI 6,2 GÖTERIME BARABAR BOLDY
2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi. 2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bil...
BEÝIK ŞAHYRYŇ NEBERELERINIŇ SOWGADY
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky dogduk Gerkez obasyndaky muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda-da bellidir. 1983-nji ýylda açylan muzeý şahyra sarpa goýýanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Oňa ýazyjy-şahyrlar, Magtymgulynyň eserlerini gaýry dillere terjime edýänler, şeýle hem onuň döredijiligini öwrenýänler gelýärler. Muzeýde şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanşykly, onuň ýaşaýan döwrüni görkezýän eksponatlar kän....
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA
2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerimde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekemk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýykl...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ GÜMRÜK GULLUKLARY «E-TIR» ULGAMYNY ORNAŞDYRMAK MÜMKINÇILIGINE ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük ýolbaşçylygynyň jogapkär wekilleri bilen duşuşdy we «e-TIR» taslamasyna gatnaşyjylary artdyrmak arkaly awtoulagly ýük daşama ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda, «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligini ara alnyp maslahatlaşyldy. «e-TI...