SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DEMIRGAZYK WELAÝATYNDA ARPA EKIŞ DOWAM EDÝÄR
Daşoguz welaýatynda arpa üçin müň gektar ýer bölünip berlipdir. Bu sebitiň daýhanlarynyň arpa ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribesi bar we her ýyl arpanyň bol hasylyny alýarlar. Olaryň ussatlygyndan başga-da, muňa köp babatda galla ekininiň kabul ederlikli ösüş döwri, kesellere durnuklylygy we ideg dannamaýanlygy-da ýardam edýär. Arpanyň artykmaçlyklaryna onuň ir ýetişmegi, toprakdaky çyg ätiýaçlyklaryny gowy ulanmagy we guraklyga çydamlylygyny-da goşýarlar. Ýerli daýhanlar arpanyň birnäçe ý...
TÄJIRÇILIK DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW MASLAHATY IŞE BAŞLADY
Halkara söwda merkezi “Ready4Trade Merkezi Aziýada” taslamasynyň çäginde türkmen hünärmenleri üçin täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen baglanşykly gepleşikleri geçirmek boýunça üç günlük okuw maslahatyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär. Okuw maslahatyna ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. “R...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGI BILEN BILELIKDÄKI IŞLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýdi Aşyrgeldiýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARY
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär: Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlamaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri...
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ GEÇIRILÝÄNDIGI YGLAN EDILÝÄR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigini geçirýär. Bäsleşik Daşary işler ministrliginiň HGI-niň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň, şeýle hem diplomatiýa dünýäsine biperwaý garamaýan ähli ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Şunuň ýaly hünäre gönükdirme taslamasy diplomat hünäri bilen gyzyklanyp, ony üzül-kesil saýlap tutan mekdep okuwç...