SOŇKY HABARLAR
ONLAÝN-SEMINARYŇ TEMASY - SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ULGAMYNDA HALKARA ŞERTNAMALARYNY BAGLAŞMAK IŞINI GOWULANDYRMAK
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-seminarda ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn derejede söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny baglaşmak işini kämilleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Trening...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy. Ir bilen milli Liderimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp hem-de Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ARETI” HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Igor Makarow işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde berýän goldawy hem-de dürli pudak...
TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝANYŇ PREZIDENTINE WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Menzelinsk şäheriniň golaýynda adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren “L-410” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly, gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZYŇ “TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI” ATLY KITABYNYŇ XIII JILDINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda guraldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň b...