RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Iýul

Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-njy iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. möwlewi Amir Han Mottaki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde gurluşyk işlerine badalga bermek bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Ilçi H.Öwezow TOPH taslamasy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de bu taslaman...

DOWAMY
pic
24 Iýul

Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de iler...

DOWAMY
pic
24 Iýul

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgusty aralygynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitine taýýarlyk bilen bagl...

DOWAMY
pic
23 Iýul

Türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri bo...

DOWAMY
pic
23 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň derwaýys meseleleriň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki işlere garalyp geçildi. Iň ýokary döwlet we hökümet derejelerinde amala aşyryljak saparlarda gol çe...

DOWAMY
pic
23 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş...

DOWAMY
pic
22 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar. Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar. Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindi...

DOWAMY