SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we ADNOC-yň wekilleri gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar
2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käni...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Rumyniýa sapary
2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna - Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça çuň mazmunly we özara gyzyklanma bild...
KHBS üçin maglumat
2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak...
Türkmenistanyň DIM-nde Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda
2024-nji ýylyň 16-17-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasyna bardy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowa...
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak g...
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. molla Hidaýatulla Badri bilen duşuşdy. Ilkibada H.Öwezow molla H.Badrini Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. hökmünde bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp m...