SOŇKY HABARLAR
MAGTYMGULYNYŇ ŞYGRYÝETI — MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERI ÜÇIN NUSGALYK MEKDEP
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde öz eserlerinde Watanyny wasp eden akyldar şahyryň şygyr ussatlygyna we raýat edermenligine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda bu umum...
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ DÖREDIJILIK SAZLAŞYGY
Şu günler Amyderýanyň kenaryndaky şäher ýurdumyzyň işjeň ösýän hem-de köpöwüşginli döredijilik ruhunda ýaşaýan medeni merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki maksatnamasyna žurnalistler üçin brifing, usulyýet maslahaty hem-de “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly duşuşygy L...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 ýokanjyna garşy waksinanyň 1 million 500 müň dozasyny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “China National Biotec Group Company Limited” («Sinopharm») kompaniýasy bilen şertnamany baglaşm...
RESMI HABAR
Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, mirasy öwrenişi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Uhnaagiýn Hurelsuha tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Mongoliýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri ar...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ TÜRKMENISTANYŇ KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞÝÄN ADATDAN DAŞARY TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki gör...
MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan milli Liderimize sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy. Döwlet B...