SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN — GYRGYZ RESPUBLIKASY: MÖHÜM GATNAŞYKLARYŇ TÄZE UGRY
Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň awtoulag kerw...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oguz han adyndaky köşkler toplumynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Milli Liderimiz duşuşyk geçirilýän ýere barýarka, ýolugra Oguz han adyndaky köşkler toplumynyň abadanlaşdyrylyş derejesi, suw çüwdürimleriniň ýagdaýy, dürli baglara edilýän ideg işleriniň hili bilen gyzyklandy. Soňky ýyllarda ýurdu...
«MAGTYMGULY PYRAGY WE TÜRKMEN HALKYNYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLILIK TAGLYMATY» ATLY HALKARA MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Hormatly alymlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Amerika, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň ylym, bilim we döredijilik işgärle...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZYSTANYŇ PREZIDENTLERI AŞGABATDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Gyrgyzystanyň Prezidenti S.Žaparow bilen gepleşikler geçirer, ol 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň saparyna taýýarlyk barada wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow hökümetiň wideoaragatnaşygy arkaly mejlisinde habar berdi. Ol 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan döwründen bäri Aşgabat we Bişkek syýasy, söw...
ENERGIÝA GEÇIŞLIGI WE UGLEWODOROD BAZARYNYŇ GELJEGI
2015-nji ýylda baglaşylan Pariž klimat ylalaşygy energiýa geçişligine şert döretdi. Energiýa geçişligi (Energy transition) – özünde 4 elementi: energiýa netijeliligini, karbonsyzlaşdyrmagy, merkezsizleşdirmegi we sanlaşdyrmany jemleýän energiýa ulgamlarynyň bütin dünýä boýunça başga görnüşe geçmegidir. Energetik geçiş energiýanyň dikeldip bolýan “ýaşyl” çeşmesini ulanmagyň hasabyna gazylyp alynýan ýangyçdan (kömürden, nebitden we tebigy gazdan) ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek ýoly bilen howa meselesi...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ TÜRKMENISTANYŇ 2021 – 2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI TOKAÝ MAKSATNAMASYNY TASSYKLADY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Res...