img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Iýun

RESUL GYLYJOW: DIŇLENMÄGE MYNASYP ÜÇ KONSERT...

6-njy iýunda sagat 19-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Çarli Çapliniň «Oglanjyk« filmi» atly konsert bolar. Çäre «Oglanjyk» atly doly metražly sözsüz amerikan filminiň görkezilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Bu tragikomediýanyň Çarli Çaplin üçin aýratyn ähmiýeti bardy: filmde kinematografiýa ýyldyzy kompozitor, ssenariçi, režisýor, aktýor we produsser hökmünde çykyş edipdi. – Biz paýt...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANDA GALLA ORAGYNA BADALGA BERILDI

Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Dö...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMINI TASSYKLADY

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANLYLAR «ÝÜPEK ÝOL – ÝAŞLARYŇ GÖZI BILEN» BÄSLEŞIGINE GATNAŞYP BILERLER

Gepleşigi we ösüşi ilerletmek maksady bilen, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) ýene-de «Ýüpek ýol – ýaşlaryň gözi bilen» atly halkara fotobäsleşigi geçirýär. Bu, 14 – 25 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin öz döredijiligini paýlaşmak, Ýüpek ýolundaky möhüm medeni hyzmatdaşlygy nygtaýan fotosuratlaryň kömegi bilen döredijiligini, indiwiduallygyny görkezmäge taýsyz mümkinçilikdir. Bäsleşigiň wezipesi Beýik Ýüpek ýolunyň içinden geçýän ýurtlaryndaky...

DOWAMY
pic
4 Iýun

ŞITILHANA HOJALYKLARYNA – ÖŇDEBARYJY TEHNOLOGIÝALAR

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary şitilhana hojalyklaryny ösdürmäge bagyşlanan onlaýn konferensiýa geçirip, türk kärdeşleri bilen pikir alyşdylar. Türk telekeçileriniň bu pudakda uzak möhletli iş hyzmatdaşy hökmünde türkmen telekeçilerini saýlap tutmagy tötänden däl. Türkiýe şitilhana hojalyklarynyň meýdany boýunça Ýewropada Niderlandlardan soň ikinji orny eýeleýär. Şitilhana hojalyklary bu ýurduň 81 welaýatyndan 71-inde giňden ýaýbaňlanandyr. Öndür...

DOWAMY
pic
3 Iýun

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI: SAGDYN DURMUŞ WE AMATLY ULAG ÝÖRELGESI

Bu gün ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Häzir Bütindünýä welosiped güni sagdyn durmuş ýörelgesine we amatly ulag serişdesine gönükdirilen hereketiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Welosiped ─ bu hereketiň simwolydyr. Türkmenistan şeýle uly ähmiýetli başlang...

DOWAMY