img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Iýun

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sp...

DOWAMY
pic
3 Iýun

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda parahatçylyk hem-de dostluk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Türkmenistan bu gün milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp,...

DOWAMY
pic
3 Iýun

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 24-nji Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Resmi habarlar (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
3 Iýun

AÝBÖLEK MUHYÝEWANYŇ SOLO KONSERTI

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet konserwatoriýasynda halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, aşgabatly sazsöýüjilere diýseň tanyş Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy. Soňky birnäçe ýylda Aýbölek diňleýjilere öz zehinini diňe Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da görkezdi. 2018-nji ýylda Ermenistanda geçen halkara bäsleşikde ol birinji orny eýeledi. Bu skripkaçynyň onlaýn çykyşy-da Italiýanyň paýtagty Rimde geçen halkara saz forumynda üstünli boldy. Ýerine ýetiren sazy bilen z...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ TÄZE BELLENILEN BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy hökmünde bellenilen täze wezipesi bilen bagly gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Ilçi Jon MakGregor Guramanyň üç sany esasy ugurlarynyň çäklerinde ÝHHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.   Taraplar häzirki wag...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir g...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaral...

DOWAMY