SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...
PAÝTAGTYMYZYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE ÝURDUMYZYŇ TÜRGENLERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 10-njy martynda paýtagtyň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan halkara we milli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanan ýurduň türgenlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa ýurduň tapaw...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ BAŞARJAŇ TÜRGENINE BAÝRAKLARY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurb...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ARETI” HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13-17-nji oktýabrynda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşlary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bi...
AŞGABADA -- 140 ÝYL: PAÝTAGTY ÖSDÜRMEGIŇ INNOWASION UGRY
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent a...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Amerikanyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen “Gallagher & Associates” kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriniň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmä...
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GURALAN DABARALAR
Şu gün ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni dabaralandyryldy. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär. Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edara...