SOŇKY HABARLAR
BÄŞIM NURALY ADYNDAKY ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE TANYMAL ZENANLARYŇ 10-SY BARADA TEMATIKI DIWARÇA DÖREDILDI
Başim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň işgärleri Halkara zenanlar gününe bagyşlap ýurduň taryhynda yz galdyran ajaýyp zenan ildeşlerimize bagyşlanan maglumat diwarçasyny döredipdirler. Bu çäräni şu mekdebiň mugallymy Lýudmila Ulakina gurnapdyr. -Ösüp gelýän ýaş nesil Watana päk ýürekli gulluk eden, kärine wepaly bolan zenanlary we olaryň terjimehalyny bilmelidir – diýip Lýudmila Pawlowna gürrüň berýär. – Hut şu pikir hem mende şeýle diwarça döretmäge itergi berdi. Olaryň durmuş ýoluny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: ÝURDUMYZDA ZENANLARYŇ HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA MAKSADALAÝYK IŞLER ALNYP BARYLÝAR
Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi gözelligi we ajaýyplygy bilen ynsan kalbyna ylham hem-de joşgun paýlaýan bahar paslynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine b...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALYGYNA DALAŞGÄRLERI BELLIGE ALMAK TAMAMLANDY
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Berkarar döwlet...
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi. Maşgala ojagyna wepalylygy bilen jemgyýetiň sazlaşygyny emele getirýän zenanlaryň bahar baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenýän şu ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Aýal-gyzlar, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky alada, Türkmenistanyň Konstitu...
KÖP ÇAGALY ENELERI HORMATLAMAK DABARASY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. “Türkmenistan — paraha...
DÖWLET BAŞTUTANY GÖKDEPE ETRABYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARYNY WEZIPÄ BELLEDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýgözel Muhammetdurdyýewna Gurbangeldiýewa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutany Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasaryny wezipä belledi (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMEN NAKGAŞLARYNYŇ ZENANLAR HAKDA WE ZENANLARA BAGYŞLAN IŞLERI
Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär. Tebigat bezegi gülleriň suratlary sergide aýratyn orun tutýar. Olaryň arasynda Gülşat Annamyradowanyň «Gülälekler» atly suraty saýry elýär. Gü...