RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşmakdan başlandy. Soňra “Türkmenistan -...

DOWAMY
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktory hanym Odre Azulä Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky ýyllarda bilelikde köp işler ýerine ýetirildi, medeni we ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamak babatynda oňyn tejribe toplandy. Türkmenistan geljekde hem ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy d...

DOWAMY
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo Indoneziýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Joko Widodo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Indoneziýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa R...

DOWAMY
16 Awg

TÜRKMENISTAN — BMG: AZYK HOWPSUZLYGY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we dostlugy, şol sanda azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bitarap Watanymyz döwletara derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bi...

DOWAMY
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenle...

DOWAMY
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
15 Awg

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden...

DOWAMY