SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň P...
TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝEDAKY BAŞ KONSULY BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Türkiýedaky Baş konsuly bellenildi (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KAMBOJANYŇ PATYŞASYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda “Kambojanyň Patyşasynyň köşgünde” Ilçi M.Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň Patyşasy Preah Bat Samdek Preah Boromneath Norodom Siamonä ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we Kambojanyñ dostlukly halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÝÖRITE WEKILI, BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi. Hormat...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalanýandygy we kämilleşýändigi guwandyryjydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz be...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 40 MILLION 791 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, t...