SOŇKY HABARLAR
Yslamabat şäherinde Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklary geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ug...
Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi...
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistan DIM-niň, ylmy intellegensiýadan ybarat bolan Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň agzalary, ylym-bilim pudagynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde M...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we...
Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşykda iş toparynyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet maliýe serişdeleri we ykdysady syýasaty boýunça umumy müdirliginiň başlygy Galina Romanowa, hytaý tarapyna HHR-iň Söwda ministrliginiň daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýan Hao ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Türkmenist...
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumynyň jemleri boýunça brifing
2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň jemleri boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde çykyş edenler şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aş...
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş,...