SOŇKY HABARLAR
TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwl...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhratjan Babakulyýewiç Ismailow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Saparmamedowiç Mamedbaýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14754
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY A.K.SEÝIDOW HAKYNDA
Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 31-nji awgusty. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14756
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda täze, 2020- 2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk, sebitleri we paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp...
AŞGABATDA HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ESASLANDYRYJY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GUTLAG HATYNY ÝOLLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Häzirki wagtda taryhy dostluga we doganlyga esaslanýan netijeli türkmen-tatarystan gatnaşyklary biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly we strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisi bo...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň işewürleri şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard...