SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak zeh...
MEŞHUR AÝDYM-SAZLY BÄSLEŞIGIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu özboluşly taslama ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga, olary milletiň genji-hazynasy, baý saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radioge...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HÖWESJEŇ AÝDYMÇY ÝAŞLARYŇ TELEBÄSLEŞIGINE GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI
Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Mähriban ýaşlar! Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine göterilen aýdym-saz sungatymyzda size döredijilik üstünliklerini, kalbyňyzdan joşup çykýan ylhamyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda şanly wakalara beslenip, barha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşligiň barşynda özara ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň berk binýadynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-ko...
TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULY WOLGOGRAD DÖWLET SOSIAL-PEDAGOGIK UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
27-nji awgustda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň (WDSPU) rektory Aleksandr Korotkow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini we şu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersiteti bilen Seýitnazar Seýdi adynd...
«ÖZBEK BÖRIBASAR» ITLERINIŇ TOHUMYNY GORAP SAKLAMAK JEMGYÝETI «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGA GYZYKLANMA BILDIRÝÄR
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow diplomatik wekilhananyň Daşkentdäki edarasynda «Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýetiň başlygy A. Şukurow bilen duşuşyk geçirdi. Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy myhmana arassa ganly türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek, bu meşhur tohum itlerini, onuň gymmatly sypatlaryny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada gürrüň berdi. Bellenilişi...
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINI WE OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda dur...