RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Sen

Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrliklerin...

DOWAMY
pic
27 Sen

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG) Başlyklyk edýän Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri, Ýan Borguň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-nyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
27 Sen

Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Iwanowiç Woronkow bilen duşuşyg...

DOWAMY
pic
25 Sen

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt KHBS-iň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ählihalk baýramyna – Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň ýokary ynsanperwer däplerine we adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beý...

DOWAMY
pic
23 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Parkyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de logistika infrastrukturasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyç taslamalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Awtoulag pudagynda Türkmenistan bile...

DOWAMY
pic
20 Sen

Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bu bankyň agzasy bolan 30 ýylynyň dowamynda YÖB-niň ýurdumyzda saglygy goraýyş, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak ta...

DOWAMY
pic
20 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Muhammad Al Jasseri wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33...

DOWAMY