RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Ýan

Türkmenistan we Hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary ö...

DOWAMY
pic
15 Ýan

Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy nazara alm...

DOWAMY
pic
14 Ýan

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyna daýanmak bilen, yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini bellediler. Diplomatlar halkara guramalarynyň, şol sanda...

DOWAMY
pic
14 Ýan

Türkmenistan we Italiýa köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge ygrarly

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary we iň ý...

DOWAMY
pic
13 Ýan

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy

2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ylýas Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatlaryny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasynyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan...

DOWAMY
pic
7 Ýan

Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeş...

DOWAMY