SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÝEWROPA KOMISSIÝASYNYŇ BAŞLYGYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýene ynanç hatlaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklandy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi. Duşuşygyň ahyry...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MAROKKONYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)
AŞGABAT ŞÄHERINIŇ HÄKIMLIGINE “DÖWLET GURLUŞYK” HOJALYK JEMGYÝETI BILEN ŞERTNAMANY BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” ho...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ SESSIÝASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARY HÖDÜRLÄR
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak 78-nji sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlary hödürlär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň taýýarlanylyşy barada Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi. Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar....
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri a...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esa...
AŞGABAT ŞÄHERINIŇ ÇOGANLY ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNDA DÖWREBAP MEDENI-DYNÇ ALYŞ SEÝILGÄHI GURLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşd...