SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niyatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunç...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ICAPP-nyň Sekretariatynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň (ICAPP) Sekretariatynyň Ýörite wekili Çong Te Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi. Robert Floýd wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belled...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň, Aşgabada sapar bilen Ýadro synaglarynyň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi baradaky Şertnamanyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatl...
Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Çärä Türkmenistanyň, Täjigistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary, şeýle hem Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolb...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen CTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem ýaragsyzlanmak, ýaraglara gözegçilik etmek we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurlaryndaky halkara gün tertibini...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Türkmenistan bilen HPG-niň Ylalaşygynyň IV maddasyna laýyklykda geçirilýän adaty maslahatlar missiýasynyň çäklerinde Aşgabada gelen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara Pul Gaznasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş müm...