Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar.

Gepleşigiň dowamynda GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy beýan edildi. Hususan-da taraplar bilelikdäki çäreleriň tertibine, GDA-nyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejelerde geçiriljek ýygnaklaryň gün tertibine seretdiler.

S.Lebedew Türkmenistanyň GDA-a işjeň gatnaşmagynyň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň Arkalaşygyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny nygtady.