Aşgabat heläkçiligi: 70 ýyldan soň

Ýetmiş ýyl mundan ozal, 1948-nji ýylyň oktýabr gijesinde Aşgabatda Rihteriň şkalasy boýunça 7,3 magnitudaly güýçji ýer titremesi bolup, ol şäher ilatynyň müňlerçesiniň başyna ýetipdi. ÝuNESKO-nyň maglumatyna görä, ol ХХ asyryň iň weýrançylykly heläkçilikleriniň biridi. 

Ýer titremesinde diri galanlar 6-njy oktýabry täzeden doglan güni hökmünde ýatlýarlar. Aşgabadyň seýsmiki gullugynyň bölüm müdiri W. T. Arhangelskiý şol gijäniň wakalaryny ýatlap, şeýle gürrüň berýär: 

- Duýdansyz ýerden ýokaryk-aşak silkinýän ýer titremesi başlandy. Gapdalyndan güwwüldesem galanokdy. Men, hamala, daş düşelen köçeden ýürek hopukdyryjy tizlikde myçyp barýan äpet araba münen ýalydym... Ýykylan diwarlaryň şatyrdysy eşidildi; elenişip-saňňyldaşyp, başly-barat uşak zatlar we mebeller böküşip, sandyrap ugrady... Diwar suwagy gara ýyldyryma meňzäp jaýrylyp, diwarlary bölek-bölek etse-de, entek olar gyşaran üçegi saklap durka, çyra, hallan atyp durşuna ýanyp durdy. Men dessine işige tarap okduryldym, şol pursadam güýçli sarsgyn meni bir tarapa şeýle bir güýçli zyňdy welin, men atylyp, howlumyzda ösüp oturan üç metr daşlykdaky agajy süsüpdirin. Ol kese sarsgynyň netijesidi. Güýçli kese sargsynlar iki ýana elendirýärdi, aýak üstünde durup bolmaýardy... on-on bäş sekund geçenden soň sarsgynlar kem-kemden peselip, ýuwaş saňňylda geçdi. 

- Sümme garaňkylykda diňe ýykylýan jaýlaryň, döwülýän pürsleriň, demirleriň güňleç sesi eşidilýärdi, - diýip, tanymal geolog, şol wagt Aşgabada gelen akademik D. W. Naliwkin ýatlaýar. – Uludan alynýan deme neňzeş tutuk goh tutuş şähere ýaýrady, dessine-de dym-dyrslyk boldy. Ne kömek soraýan sesler, ne-de haýwanlaryň sesi gelýärdi, - hamala, bary weýran bolan binalaryň astynda wepat bolan ýalydy. Bir haýukdan dalda isleýänleriň sesi, ýaralananlaryň iňňildisi, çaga agysy, diwar astynda galyp wepat bolan garyndaşlarynyň agysyny aglaýanlaryň sesi gelip başlady. 

Jaýlaryň gowşaklygy we ýetip gelýän belanyň sypatlarynyň aňyp bilinmezligi adamlaryň wagtynda jaýlardan çykyp bilmezligine sebäp bolupdy. Müňlerçe adam nämäniň nämediginem bilmän, weýan bolan öýleriniň astynda galypdylar... 

Garabogaz aýlagy boýunça Aşgabada gelen tanymal geolog, akademik Dmitriý Naliwkin: “Ilkinji sarsgyndan birnäçe gün geçen soň men harby uçarda şäheriň üstünden uçmaly boldum. Bar ýerde şol bir zat göze ilýärdi. Gören zatlaryňdan tebähediň göterilýärdi. Pida bolanlaryň sany anyklanmadygam bolsa, olaryň juda köplügi aklyňy çaşyrýady” – diýip ýatlaýar. 

Şäheriň çig kerpiçden gurlan bir gat jaýlarynyň ählisi diýen ýaly, diwarlary bişen kerpiçlileriniň 95 göterimi weýran bolupdy, galanlaryna-da düzedip bolmajak derejede zeper ýetipdi. Binalaryň sanaýmalysyny, olaram diňe düýpli abatlaýyş işlerinden soň ulanyp boljakdy. 

Elektrik ulgamy we telefon aragatnaşygy weýran bolupdy, telegraf işlemeýärdi. Köprüleriň we ýollaryň köpüsi doly dargandy, suw geçiriş we suwaryş ulgamlaryna güýçli zeper ýetipdi. Şäheriň demir ýol wokzaly harabalyga dönüpdi, aeroport işlemeýärdi – uçuş-gonuş zolaklaryndaky jaýryklar sebäpli uçarlar gonup bilmeýärdi. 

Howadan goranyş gullugynyň harby bölümleri we ştablary ilkinjiler bolup halas ediş işlerini gurnaldylar. Esgerler adamlary halas edýärdiler, ýaralananlary başga ýerlere ugradýardylar, ýerli ilat bilen birlikde wagtlaýyn jaýlary gurýardylar. 

Ýer titremesinden bir sagat soň lukmanlaryň bir topary şäheriň merkezi meýdançasynda adamlara kömek edip ugrady. Şol wakanyň şaýady şeýle gürrüň berýär: “Ýer titrän gijesi Aşgabadyň merkezi meýdançasynda hirurg B. L. Smirnow (akademik we “Mahabharatanyň” terjimeçisi), G. A. Beburişwili, M.I. Mostowoý, I.F. Berezin, W. A. Skawinskiý we beýleki lukmanlar gospital guradylar. Olar ot ýakyp, bedrelerde suw gaýnadýardylar, nahar iýilýän stollara örtgi ýapdylar-da, işe girişdiler. Boris Leonidowiç Smirnow kellä ýeten şikesleri operasiýa edýärdi. Beýlekileri mynjyran el-aýaklary kesip aýyrýardylar. Alawdyr oduň ýagtysyna başly-barat ýatan ýüzlerçe adam, stoluň üstüne eglişip duran lukmanalr göze ilýärdi...” 

6-njy oktýabrda ir saba-säherde Bakuwdan sanitar awiasiýasynyň uçarlary bilen Azerbaýjanyň iň güýçli hirurglary Aşgabada lukmançylyk-sanitar çadyrlary we gurallary, göçme elektrik beketlerini getirdiler. 

Aşgabada esgerler, lukmanlar bolan we azyk ýüklenen ilkinji eşelonlar gelip ugrady. Ýazyjy Mariýa Balahowa: “Moskwadan we Soýuzyň beýleki şäherlerinden uçarlar asmana galyp, Aşgabat sary ýola düşýärdiler. Moskwandan uçan Li-2-leriň üçüsi Hazar deňzinden geçip, Türkmenistanyň üstünden uçup gelýärdiler. Birinji uçary Sowet Soýuzynyň Gahrymany Taran dolandyrýardy. Onuň sag tarapyndaky uçarda Dymow, çepinde Filonow gelýärdiler. Ine-de Aşgabat göründi. Ine-de aerodrom. Bu ýerde eýýäm golaýdaky şäherlerden gelen Li-2-leriň onlarçasy durdy. Harby-howa güýçleriniň baş serkedebaşysy K.A. Werşininiň buýrugy bilen harby-transport awiasiýasynyň şol uçarlary ýer titremesinden ejir çekenlere kömege ugradylypdy”- diýip ýazypdy. 

Aşgabat-Günorta ätiýaçlykdaky aeroprta (indi bu ýerde Howdan ýaşaýyş jaý toplumy bar) her 15-20 minutdan dürli ýükli uçarlar gelýärdiler. Täze ýylyň başyna çenli adamsyz galan şäherdäki ýagdaýy kadalaşdyrmak başartdy. Täze Aşgabadyň gurluşygyna 1949-njy ýylda gyssagly taýýarlanan meýilnama boýunça başlanyldy. 

Ençeme ýyldan soň elhenç ýitgileriň sebäbi belli boldy. Alymlar wepat bolanlaryň agyr ýaralananlardan köp bolandygyny belleýärler. Diňe jaýlaryň esasy böleginiň seýsmiki howply ýagdaý göz öňünde tutulman gurlandygy, gurluşyk materiallarynyň bolsa hiliniň pesligi netijesinde jaýlaryň ýykylmagyan getiripdi. Sebitiň gidrologik ýagdaýy-da ýer titremesiniň derejesine güýçli täsir edipdi. Aşgabat sebitiniň köp suwly we gowşak topragy onuň seýsmiki täsirini ençeme esse güýçlendiripdi. Belki, Wernyý (Almaty) şäherindäki ynkylapdan ozalky jemgyýetçilik binalarynyň bir böleginiň 1887, 1911-nji ýyllaryň ýer titremeleri sapak edinilip, ýeterlik derejede berk gurlan bolmagam mümkin. 

Aşgabat ýer titremesiniň netijelerini öwrenmegiň barşynda alnan maglumatlar seýsmologik barlaglary ösdürmek we seýsmiki durnukly gurluşyk usullaryny işläp taýýarlamak üçin esas boldy. Seýsmiki sebitlerde gurluşyk bilen baglanşykly meseleleri çözmek üçin SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan şahamçasynyň Fizika-tehniki institutynyň ýanynda antiseýsmiki gurluşyk bölümi döredildi, ol 1951-nji ýylda Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň antiseýsmiki gurluşyk ylmy-barlag institutyna öwrüldi, 1962-nji ýylda bolsa Seýsmiki durnuklylyk instituty diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiiň düzümine girýär. 

Türkmenistan ýokary seýsmiki howply ýerde paýtagty dikeldende dünýä ölçeglerinden ugur aldy. Seýsmiki goraglylygy üpjün etmek üçin senagat gurluşygynyň kuwwatly binýady döredildi. Häzirki wagtda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme we gurluşyk ulgamyndaky innnowasiýalr weýran ediji ýer titremeleriniň kepillikli goragy bolup durýar. 

Ýer bilen ýegsan bolan Aşgabat Symrug guşunyň direlşi ýaly gaýtadan dikeldildi. Indi ak mermer gözel şäherimiz diňe bir giň gerimli gurluşygy we onuň hili bilen däl, eýsem nepis binagärligi, bag-seýilgäh we çüwdürimler toplumlary, döwrebap ýolaýrytly, özboluşly yşyk bezegli giň şaýollary bilen hem göreni özüne bendi edýär.