TÜRKMEN LIDERI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINE ÝÜZLENME BILEN ÇYKYŞ ETDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirläp, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtady.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, sebit we halkara syýasatyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, ähli meseleler boýunça özara düşünişendigimizi bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny belläp, iki ýurduň hem halkara giňişlikde deňhukuklylyk, adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleriniň ileri tutulmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady.

Taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynda ýakyndan hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, özara goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Türkmenistan we Owganystan beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda hyzmatdaşlygy ösdürerler.

Gepleşikleriň barşynda sebitdäki ýagdaý hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Owganystanyň sebitimizde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk binýadynyň döredilmeginiň pugta tarapdarlary bolup durýandyklaryny belledi. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara düzümler we guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen bu maksada ýetmek üçin bilelikde ysnyşykly we utgaşykly işlejekdiklerini beýan etdiler. Merkezi Aziýany durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň zolagyna öwürmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar halkara terrorçylyga garşy barlyşyksyz göreşi dowam etdirmegi pugta maksat edinýärler. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ählumumy Terrorçylyga garşy göreş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmek üstünligiň girewi bolup durýar. Türkmenistan we Owganystan bu strategiýanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, bütindünýä we sebit möçberlerinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça kabul edilen beýleki bilelikdäki resminamalary, hususan-da, 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda bileleşip iş alyp bararlar.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaý babatdaky garaýşy barada habar berildi. Biz bu ýurtda syýasy taýdan düzgünleşdirmegi diňe parahatçylykly, gepleşikler arkaly gazanyp boljakdygyna ynanýarys. Bu meseläni güýç ulanyp, çözüp bolmajakdygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan goňşusy Owganystanyň Hökümetiniň we ähli gyzyklanma bildirýän owgan taraplarynyň arasynda göni gepleşikleri guramak üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny birnäçe gezek beýan etdi. Şu gün ýurdumyzyň bu garaýşy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Şeýle hem, biz Owganystanyň giň möçberli halkara we sebit derejesindäki ykdysady we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna çekilmeginiň bu ýurtda parahatçylygy we agzybirligi gazanmagyň örän möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu biziň berk garaýşymyzdyr. Türkmenistan bu garaýşa eýermek bilen, soňky ýyllarda Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda örän möhüm taslamalaryň ençemesini öňe sürdi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu taslamanyň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Gaz geçirijiniň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem Owganystanyň çäkleri boýunça gazyň diňe üstaşyr geçirilmegi her ýylda 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdäniň Owganystanyň gaznasyna gelip gowuşmagyny üpjün eder.

Häzirki döwürde taslamany iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça işler depginli alnyp barylýar. Bu ugurda ähli zerur ylalaşyklara we beýleki resminamalara gol çekildi. Taslamany amala aşyrmaga zerur maliýe serişdeleri çekilýär. «TAPI» konsorsiumy hem döredildi we netijeli işleýär. Konsorsiumyň düzümine taslama gatnaşýan ähli döwletleriň milli gaz kompaniýalary girýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde gaz geçirijiniň we degişli gaz çykaryjy hem-de iberiji üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Owganystanda bolsa gaz geçirijiniň geçjek bütin ugry boýunça topografiýa we geodeziýa işleri tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň, şeýle hem Hindistanyň döwlet ministriniň gatnaşmagynda kuwwaty 2 000 megawat bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna badalga berlendigini ýatladyp, elektrik energetikasy ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny belledi. Indi 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen elektrik energiýasy Owganystanyň demirgazyk we günbatar welaýatlaryna iberilýär. Bu döwrüň dowamynda türkmen hünärmenleri tarapyndan Owganystanyň çäginde elektrik geçiriji ulgamlaryň 400 kilometre golaýy guruldy.

Sebitara ähmiýetli giň möçberli kommunikasiýa ulgamyny döretmek maksady bilen, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem çekilýär.

Bulardan başga-da, geçen ýyl türkmen hünärmenleri tarapyndan Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasy guruldy. Bu bolsa türkmen-owgan serhedinden Hyrada çenli demir ýoluň gurluşygynyň başlangyç tapgyrydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Türkmenistan bilen Owganystan multimodal «Lazurit» ulag geçelgesiniň gurluşygynyň örän iri taslamasyna gatnaşyjylar bolup durýar. Şu gün bu örän möhüm ulag geçelgesiniň ulanylmagy bilen bagly ähli meseleleri ylalaşmak maksady bilen, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň yzygiderli duşuşyklaryny dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň gatnaşmagynda beýleki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna we bu gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seretdik. Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, onuň täze ugurlaryna çykmak maksady bilen, iki ýurduň degişli pudak edaralaryna möhüm tabşyryklaryň berilmegi barada ylalaşyldy.

Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegi, bu ýurtda durmuş maksatly desgalary gurmagy dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu maksat bilen, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy we amala aşyrylýar.

Bilim ulgamynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Owgan ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzlerçesi ýurdumyzda zerur bolan bilimi alyp, Owganystanyň döwlet gullugynda işleýärler, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler.

Häzirki döwürde owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde, hususan-da, oba hojalyk, mugallymçylyk, energetika ýokary okuw mekdeplerinde, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, ulag we aragatnaşyk institutynda bilim alýarlar. Türkmenistan owgan tarapynyň ýüztutmalaryna laýyklykda, öz okuw mekdeplerinde Owganystan üçin hünärmenleri mundan beýläk-de taýýarlar.

Medeni, ylym, sport ugurlarynda hem döwletara hyzmatdaşlyk barha giňeldiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geçirilen gepleşiklere kanagatlanma bildirip, şu günki duşuşygyň iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylyga, doganlyga, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanan gatnaşyklarynyň üýtgewsiz häsiýete eýe bolandygyny tassyklandygyny nygtady.

Milli Liderimiz saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belläp, sözüniň ahyrynda doganlyk owgan halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny ýollady.