MALIÝE-YKDYSADY NEŞIRIŇ SAHYPALARYNDA

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki wezipe hökmünde öňe süren milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň şerti bolup durýar. Bu ugurda bellenilen maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, onuň maglumat giňişligini döretmek, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, durmuş we ykdysady ugurlaryň dolandyryş ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

7-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu meseläni nobatdaky gezek gozgap, dürli düzümleriň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan hyzmatlary elektron ulgama geçirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda senagat toplumynyň we oba hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ykdysadyýet üçin işgärleri taýýarlamak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sanly reforma ýurdumyz üçin özboluşly işleri, önümleri we tehnologiýalary döretmek, ählumumy meýillere eýermek hem-de taýýar sanly çözgütleri tapmak üçin oňat mümkinçilik döreder.

Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly gurallara eýe bolan alymlara, ýaş hünärmenlere aýratyn umyt baglaýar. Şunuň bilen baglylykda, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, şeýle hem beýleki edaralaryň ýolbaşçylarynyň bu ulgamda ägirt uly üstünlik gazanan ýurtlaryň tejribelerini öwrenmegi üçin iş saparlaryny guramak tabşyryldy.

Şeýle hem orta we ýokary okuw mekdeplerini Internet ulgamyna birikdirmek ilat arasynda, aýratyn-da oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmek tabşyryldy. Şeýle hem täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini wagyz etmek zerurdyr.

Şeýle hem milli Liderimiz medeniýet edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň işine sanly çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi. Dürli pudaklaryň we kärhanalaryň işini sanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek üçin teleradioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bu giň gerimli işler metbugatda, şol sanda «Maliýe we ykdysadyýet» atly ýöriteleşdirilen žurnalda giňden beýan edilýär.

Şeýlelikde, ylmy-amaly žurnalyň 2019-njy ýylda çykan ilkinji sany ýakyn ýedi ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça badalga berlen Maksatnamada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy ugurlaryny we möhüm çäreleri gurşap alýar.

Mili Liderimiziň şol döwürde halk hojalyk toplumyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren nusgasy esasy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýär, bu barada «Batly gadamlar, belent wezipeler» atly redaksiýanyň giriş makalasynda gürrüň edilýär. Onda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde täze ösüş üçin döredilen şertler, onuň ösüşiniň esasy nokatlary hem-de olary bir ýere jemlemegiň strategiýasy seljerilýär.

Senagat pudaklarynyň hem-de hyzmatlar ulgamynyň düzüm taýdan üýtgedip guralmagy goşulan bahasy pes bolan senagat önümlerini öndürmekden, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga ähmiýet bermek bilen, goşulan bahasy ýokary derejede bolan önümleri öndürmäge geçmegi aňladýar. Olary hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi azaltmagy işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň dünýä bazaryna goşulmagyny nazara almak bilen, marketing çemeleşmelerine düzedişleri girizmek hem gerek bolar. Onuň üsti bilen ilerlemek doly derejede maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyndan gelýän girdejilerden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Daşary ýurt maýalaryny, ýurdumyzyň telekeçileriniň maýalaryny çekmek hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Elektron senagaty, elektroenergetika, nebit, gaz we beýleki serişdeleri çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetiň esasy güýçleri hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz sanly ykdysadyýeti, sanly lukmançylygy we sanly bilimi strategik maksatlar diýip kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy, şol sanda ykdysadyýetiň pudaklaryny we welaýatlary 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn gözegçilik etmek boýunça wezipe goýdy.

Neşiriň beýleki makalalarynda bu işiň aýry-aýry ugurlary we ony guramagyň görnüşleri beýan edilýär. Olaryň hatarynda intellektual tehnologiýalaryň esasynda býujet serişdeleriniň hereketine yzygiderli gözegçilik edilmegini we olaryň netijeli dolandyrylmagyny, görülýän çäreleriň dessinligini, maglumatlaryň takyklygyny we hasabatlylygyň dürsligini üpjün edýän maliýe maglumatlaryny dolandyrmagyň döwlet ulgamyny döretmek wezipesi bar.

Şeýle hem şol hatarda maglumatlary ýygnamagyň, geçirmegiň we işlemegiň, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak bilen, bank ulgamyny sanlaşdyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň hasabyna statistika edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bar.

Umuman, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda özgertmeleriň geçirilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze, döwrebap iş orunlaryny döretmäge, sanly aragatnaşyk babatynda şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýynyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga uly mümkinçilikleri döreder.

Sanly transformasiýa sebitleriň maýa goýum çekijiliginiň draýwerine öwrüler, olarda maglumat gurşawynyň ösmegi ýerli işewürlere täze derejä çykmaga, ilata ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Bu babatda bilermenler öz makalalarynda döwletiň durmuş syýasatynyň ornuna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ähli özgertmeleriniň üstünligini, ösýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara derejesiniň berkemegini kepillendirýän esasy şert hökmünde seredýärler.

Döwletiň bazar ykdysadyýetine täsir edýän syýasy gurallarynyň arasynda salgytlara aýratyn orun degişlidir. Bu meselä aýratyn makala bagyşlanyp, onda Türkmenistanyň hereket edýän salgyt ulgamyna toplumlaýyn baha berilýär. Onuň ykdysadyýete täsiri we dünýä tejribesinde kabul edilen ýörelgelere kybap gelmegi hem-de bu ugurda özgertmeleri geçirmek hakynda netije kesgitlenýär.

Salgyt salmagyň düzüminde, şeýle hem salgytlaryň her birini döretmegiň nusgalarynda, olary almagyň we ýygnamagyň tehnikasynda özgertmeler zerur bolup, olar durnukly ykdysady ösüşi we maýalary ugur edinýän ulgama öwrülmelidir.

«Karz edarasynyň işiniň funksional ugurlary» atly makalada bank işiniň meselelerine seredilýär. «Türkmenistanda eksporta döwlet goldawyny bermegiň mümkinçilikleri» atly makalada täze önümçilikleri we pudaklary, erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň ugurlaryna seredilýär.

Şeýle hem neşiriň şu sanynda ykdysady ýagdaýdan oňat baş çykarýan alym-ykdysadçylaryň, beýleki ugurlaryň hünärmenleriniň täze neslini taýýarlamak, ykdysady ulgamda ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek hakynda makalalar ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym we bilim ýurdumyzda esasy öndüriji güýje öwrülýär, halk hojalyk toplumynyň sanly tehnologiýalara yzygiderli geçirilmegi bolsa, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply ykdysady bilimlere eýe bolan ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanmagyny şertlendirýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe-ykdysady, salgyt we ätiýaçlandyryş edaralarynyň, banklaryň we hususy kompaniýalaryň işgärleri, syýasatşynaslar we sosiologlar üçin niýetlenen žurnaly türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär, bu bolsa, onuň türkmen ykdysadyýetiniň aýratynlyklary, kanunalaýyklygy we hereket ediş häsiýeti bilen gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylara elýeterli bolmagyny şertlendirýär.

Žurnalyň awtorlarynyň hatarynda esasy ykdysadçylar, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, şeýle hem dürli edaralaryň hünärmenleri bar.