IRINA MUSORINANY ÝATLAP: KÄRINE ÝÜREKDEN BERLEN MUGALLYMDY

Ýaş hünärmenleriň saýlan hünäri boýunça okuwyny tamamlaýan şu günlerinde halypalaryň adyna mähirli sözler köp aýdylýar. Dürli ýyllardaky uçurymlar-da ýene bir gezek mugallymlaryna sag bolsun aýdyp, ýeten derejeleri barada gürrüň bermek üçin bilim alan ojagyna gelýärler.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň, şeýle hem TMK-nyň ýanyndaky Ýörüte sazçylyk mekdep-internatynyň uçurymlary-da saz medeniýti älemine ataran adamlary ýatlaýarlar.

Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň abraýly sahnalarynda-da üstünlikli çykyş edýän sazandalaryň onlarçasyny taýýarlan ajaýyp halypalaryň biri-de – Irina Nikolaýewna Musorinadyr. Biz redaksiýamyza onuň agtygy Kseniýa Eduardowna Askerowadan gelen hatdan okuwçylaryna we söýen kärine wepalylygyň nusgasy bolan zehinli, üýtgeşik mugallymyň durmuşy barada gyzykly maglumatlary bilip galdyk.

Irina Nikolaýewna Musorina 1937-nji ýylda Woronežde dogulýar. Kyrk birinji ýylda ol ata-enesi bilen birlikde faşistleriň basyp alan ýerinde ýaşamaly bolýar. Açlyk we pajygaly wakalar ýetik bolan urşuň dört ýyly ömürlik onuň hakydasynda galýar...

Ira kär saýlamak kyn düşmedi. Çünki ejesi pianinoçy, kakasy aýdymçy bolan zasandarlar maşgalasynda kemala gelen çaga zehinlidi. Ol skripkaçy bolmagy ýüregine düwýär. Sazçylyk mekdebini, soňra Woronežiň sazçylyk üçilişşesini tamamlan Irina paýtagta okuwa gaýdýar. Ol Russiýanyň Gnessinler adyndaky saz akademiýasyna okuwa alynýar we ony tamamlandan soň Moskwanyň etegindäki Kaliningrad (häzirki Korolýow) şäherinde işe başlaýar.

1977-nji ýylda Irina on bir ýaşly gyzy Nina bilen Türkmenistana göçüp gelýär. Bu ýerde durmuşy asla başgaça boldy. Indi onuň esasy işi sungat institutynyň talyplaryna tälim bermekdi. Ýygy-ýygydan iş saparlaryna, daşary ýurtlara gidýärdi, tanymal sazandarlar we medeniýet işgärleri bilen duşuşýardy...

Halypa okuwçylarynyň goşmaça sapak bermek baradaky haýyşyna ýok diýmezdi. Ol: “Edýän işiňiz diňe size däl, eýsem töweregiňizdäkilere-de şatlyk paýlamalydyr. Siz sazy söýmelisiňiz we kämilleşmelisiňiz! Siz durmuşy söýmelisiňiz!” –diýerdi.

Hasabat konsertlerinde, synaglarda we bäsleşiklerde kirişli saz gurallary kafedrasynyň müdiri Irina Nikolaýewna her bir talybynyň aladasyny edýärdi. Ony gowy görýärdiler we sylaýardylar. Onuň sarpasy belentdi, ondan köp zat öwrenmäge çalyşýardylar. Mugallymçylyk eden ýyllary dosent Musorina elliden gowrak şägirt taýýarlady, olar dünýäniň atly - abraýly sahnalarynda çykyş edýärler.

Irina Nikolaýewna kyrk ýyla golaý wagt zähmet çekdi. 2000-nji ýyllaryň başynda maşgala ýagdaýy sebäpli çärýek asyra golaý ýaşan ýeri bolan özüne mähriban, söwer şäheri Aşgabatdan gitmeli bolupdy.

Ilki işe başlan ýeri Moskwanyň etegindäki Korolýow şäherine gaýdyp baransoň söýgüli kärinden we okuwçylaryndan jyda düşen Irina Nikolaýewna ruhdan düşmän, ýakynlaryna kömek edýärdi, agtyklarynyň ikisini terbiläpdi. 2005-njy ýylda Irina Musorina nesil yzarlaýan ýürek keselinden ýogaldy...

Şu makalany taýýarlap ýörkäk biz Irina Nikolaýewnanyň okuwçylarynyň biri, TMK-nyň mugallymy Maral Bäşimowna Çerkesowadan halypasy barada gürrüň bermegi haýyş etdik:

-Maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynda ajaýyp sazanda Irina Nikolaýewna Musorinadan tälim almak miýesser etdi. Ol, dogrudanam, Hakdan berlen halypady. Şol bir wagtda RSM-de (häzirki Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörüte sazçylyk mekdep-internatynda) işlän Irina Nikolaýewna kirişli saz gurallary boýunça mugallymlaryň ählisiniň halypasydy. Onuň berýän açyk sapaklaryna halypanyň özboluşly usulýeti bilen tanyşmak, ondan gymmatly maslahatlar almak üçin kärdeşleri gelerdi.

Ilkinji sapakdan başlap, Irina Nikolaýewna elimi saz guralynda dogry goýmagymy gazanyp ugrady. Meniň bolsa saz çalasym, täze eserleri öwrenesim gelýärdi, şonuň üçinem beýle biderek zada näme üçin wagt sarp edýärkäk? –diýip oýlanardym. Tiz wagtdan onuň tagallasynyň netijesini aňdym – meniň saz çalyş usulym has depginli we çeper boldy.

Irina Nikolaýewna diňe bir kärimde ussatlygyma ýardam eden halypa we başarjaň mugallym hökmünde däl-de, eýsem nusgalyk ajaýyp adam hökmünde-de sarpa goýýaryn. Men onuň gyzy Nina bilen bir synpda okamsoň, Musorinleriň myhmansöýer öýüne barýardym. Ol ýatdan çykmajak bagtly döwürdi.

Indi özüm talyplara sapak berýärin. Meniň adam hökmünde-de, kärime ökdelikde-de Irina Nikolaýewna meňzäsim gelýär.

... Irina Nikolaýewnanyň aradan çykanyna on dört ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne onuň hatyrasy hem edil zehinini talyplaryna siňdiren yhlasy, olaryň döredijilik mümkinçiligini açan, talyplaryny kärinde üstünliklere höweslendiren we özüňdäki sungaty söýmegi öwretmäge ömrüni bagş eden ajaýyp mugallymyň işi ýaly ýaşap ýörendir.