WITALIÝ DIDENKO: SUNGAT HAKDA MONOLOG

photo

Witaliý Didenko döwrüň urgysyna görä pikirlenip, dünýä dürlüçe çapraz düşünmegi surat çekmäge niýetlenen kendir matada bütewi sazlaşyga tabyn edip bilýän nakgaş. Üýtgeşiklik döredijilik adamlarynyň ählisine mahsus bolsa-da, Witaliniň özboluşlylygy has-da saýry gelýär, onuň žiwopis dili ekletikligi we metaforikligi bilen tapawutlanýar.

Kär taýdan kemala gelşi baradaky sowala jogap hökmünde ol belli amerikan aktýory, prodýuseri we tekeleçisi Dewid Arkettiň şu sözlerini getirýär: «Sazandalar, nakgaşlar, artistler – iň gujurly we batyrgaý adamlaryň hilinden... Olar her notada, işde ýa-da çykyşda tankyt astyna düşmek we ýazgarylmak howpuna boýun bolup, öz duýgylaryny açyp görkezýärler. Erkin ýaşaýandyklary üçinem, olar her gün maddy kynçylyklaryna duçar bolýarlar... Döredijilige berlen bu ynsanlar adaty durmuşda ýaşaýan deň-duşlarynyň awtoulag, maşgala, öý, pul ýaly zatlarda maksatklaryna ýetişini görüp dursalaram, jemgyýetiň ýüregine täsir edip biljek ýeke pursat, bir owaz, ýeke söz we interpretasiýa üçin janyndan geçmäge taýýar adamlar. Şol pursatda olar jadygöýlige, Taňra, kämillige golaýlaşýarlar. Özüňi şeýle pursada bagyş etmek müňlerçe ömre barabardyr».

Witaliý grafik-nakgaş Nikolaý Didenkonyň ogly. Ol: «Ýüregimden ötürip, durmuşyma bakanymda, hiç zadyň aňsatlyk bilen berilmeýändigine düşündim,--diýýär. Kakam meni ýetişdirmek we erkin bolmagym üçin halaýan işini goýup, başga zatlara baş urmaly bolupdy.

Kakamyň niýeti amal boldy: sungat ýoluna gadam basanymdan pul-serişde pikirini etmäni her dürli usullary synap görýärdim. Pikirimi çeper serişdeler bilen beýan etmekde men gaty erkindim – köplenç maksimalist we nigilistdim, ýöne hemişe durmuşa her hili nukdaý-nazardan garajak bolýardym we bilýän zatlarymy töweregim bilen paýlaşmaga teşnedim».

Witaliý Didenko dürli žanrlarda işleýär, häli-häzirem öwrenmekden we täze bir tilsimi barlap görmekden irmeýär. Meselem, ol çeperçilik uçilişşesine girmezden öň linoleuma we demire nagyş salmaklyga gyzygdy. Uçilişşede bezegçilik ugrundan bilim aldy.

«Ýetginjek döwrüm häzirki zaman günbatar sungatynyň ussatlarynyň işlerinden ylham alýardym- diýip Witaliý sözüni dowam edýär.—Men ol ýa-da beýleki ussada öýkünerdim. 15-20 ýaşlarymda täzedir we öňdebaryjydyr öýden zatlarymyň täsirine düşýärdim. Dürli tilsimleriň utgaşygynda altyn bilen kümüşe meňzedip ýasamak ýaly tejribelerimden häzirki işlerimde hem peýdalanýaryn. Silikondan ýasalan işlerim bar, misden, bürünçden we polatdan ýasy heýkel döretdim. Işlänimde plastik, agaç we mata ulanýaryn.

Dörediligimde urbanizasiýa temasyndan abstraksiýa esasy orun tutýar. Men şäheri gowy görýärin. Şäher gurşawynyň güýçli energetikasy, dizaýnerlik ýörelgeler we ýokary tehnologiýlar, kontrastlyklar we binagärlik ekletikasy – bularyň bary maňa ylham berýär.

Ebetde, meniň kemala gelmegimde türkmen amaly-haşam sungaty, durmuşy we rowaýatlaryň ýordumlarynyň ornamental beýan edilişi, haly gölleriniň filosofiki simwollary ýaly dogduk diýarymyň mental gurşawynyň täsiri güýçli boldy. Häzir men köp gezýärin we dürli ýurtda işleýärin, bu hem maňa deňeşdirmäge we beýleki halklaryň medeni gymmatlyklaryna aň ýetirip, dünýägaraýşymy baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Men özümi tapdymmykam? Kemala geldimmikäm? Bu sowallara jogap bermek aňsat däl, ýöne bir zady welin anyk bilýärin – soňky 25 ýylda döreden müň işimden käbiri siziň üns bereniňize degýändir diýip pikir edýärin...»

Biz Witaliý Didenkonyň ussahanasyna baryp gördük, onda ilki bilen gözüňe ilýän zat – portretlerdi. Ine, Didenkonuň kakasynyň portreti. Durşy göze ýakymly bolsa-da, ol ünsüňi žiwopisçiniň güýçli şahsyýetiniň sowmaýar. Suratda golaýda aradan çykan ata ogul mähri duýulýar.

Ine-de, onuň awtoportreti. Saçy «samuraýlaryňky ýaly çugdamlanan» žiwopisçiniň içki dünýäsine gümralygy onuň awtorlyk tilsiminiň filosofiýa äheňlidigini aňladýar. Nakgaşyň şahsyýeti syrly manylar arkaly beýan edilýär. Şonuň üçinem onuň bu işine çuňňur döredijilik gözlegleriniň metaforasy diýip düşünse bolar.

Witaliý Didenkonyň portretleri emosional köpmanylygy bilen maýyl edýär, bu bolsa onuň ussat portretçidigini görkezýär. Ýöne ol beýleki ugurlarda-da ussatlygyny subut edýär. Muňa primitiwizm usulynda çekilen işlerini mysal getirse bolar. Olardan «Roýal» atly suratyndaky köne saz guraly tegelek suratyň içinde şekillendirilipdir. Roýala golaýlan gyzyl köýnekli konsertmeýster zenanyň ýüz keşbi bize görünmeýär. Belki-de, awtor şeýtmek bilen Sungatyň ähmiýetini nygtamak isländir.

«Orkestr» suraty hem bu temanyň dowam edýär. Nakgaş sazandalaryň ençemesini we olaryň saz gurallaryny özboluşly rakursda -- ýokarsyndan çekipdir. Şeýlelikde tomaşaça sazandalar jemgyýetiniň özenine garamak mümkinçiligi döredilýär. «Parket» işi-de manysy we çekiliş tilsimi babatda agzalan esere meňzeş, onda şadyýan jübütler tans edýärler.

«Çagalar meýdançasy» suraty şadyýan şekilde berlipdir. «Bir gezek aýaly indiýan we adamsy golland maşgala öz çagasy üçin mähirli surat çekip bermegi haýyş etdi» - diýip Witaliý gürrüň berýär. Nakgaş suratda dürli ýurtlaryň çagalaryny şekillendiripdir. Olaryň hersi öz çaga güýmenjesine gümra: biri welosiped sürse, başgasy pişik oýnaýar, ýewreý oglanjyk skripka, amerikaly oglanjyk dep çalýar, türkmen gyzjagazy bolsa garpyz iýip otyr. Surat mähirli we ýagşy niýetli çykypdyr.

«Ýagyş ýaganda» suraty şahyranalyk we romantika, çeper tilsim aýratynlyklaryna baý. Witaliniň işleriniň köpüsine şeýle tilsim mahsus. Mysal üçin, «Gar oýny» temasyndan kiçijik suratlar tapgyryny alyp göreliň. Olaryň kiçiligi, göwrümi uly we kaşaň baget bu suratlary nusgawy žiwopis eserlerine meňzedýär.

Witaliniň aýtmagyna görä, gyş agşamlarynyň birinde seýilgähde gezelenç edip ýörkä, onuň aýagy taýyp ýykylanda agaç üýtgeşik şekilde görnüpdir. Şeýlelikde onuň döredijiliginiň täze tapgyry başlanýar. Ak-gara we dürli reňkli gaýyňlaryň, sosnalaryň we çynarlaryň fragmentleri jaýlaryň içki bezeginiň dizaýnerlik çözgütlerine sazlaşykly utgaşýar.

Biz uly nakgaşyň köpgyraňly döredijilik ussatlygynyň ujypsuzja tarapy barada gürrüň etdik. Witaliý Didenkonyň köpugurly zehini bilen tanşanyňdan soň onuň monologynyň dowamyna we žiwopis eserleriniň üýtgeşik manysyny çözlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň.