DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY MALIÝELEŞDIRMEGIŇ MÖHÜM MEÝILLERI KESGITLENILDI

«Hazar» myhmanhanasynda şol bir wagtda ýene bir çäre — «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň çäklerinde Gün tertibini durmuşa geçirmegi goldamak maksady bilen maliýeleşdirmek» atly maslahat geçirildi.

Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde gurady. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda maslahata BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, şeýle hem köp sanly halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky ýaly maliýe edaralarydyr.

Maslahata Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürler toparlarynyň 150-den gowrak wekili gatnaşdylar.

Olar 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň howandarlygynda Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumda dünýä bileleşigine beýan edilen Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň monitoring ulgamynyň institusional düzümi tassyklanyldy, şol sanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça iş topary döredildi, onuň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň 50-den gowragynyň wekilleri girýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde özgerişligiň monitoringini amala aşyrmak maksady bilen utgaşdyryjy edara hökmünde bellenildi, şeýle hem ýöriteleşdirilen düzüm döredildi, Durnukly ösüş maksatlary babatynda seljermeleri amala aşyrmak boýunça wezipeler we işler onuň üstüne ýüklenildi.

Pikir alyşmalar wagtynda Bütindünýä bankynyň Ösüşi maliýeleşdirmek maksatnamasyny ilerletmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili goldaw berýändigi barada gürrüň edildi. BMGÖM-niň wekili tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň möhüm meýilleri kesgitlenildi, bu ugurda Hazarýaka döwletleri üçin anyk maslahatlar berildi.

Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň wekili durnukly ösüşe ýardam etmek üçin hususy bölege we hususy maýa nähili goldaw berip boljakdygy hem-de ilkinji nobatda, maýadarlardan we hökümetlerden telekeçilere nähili kömek gerekdigi baradaky garaýyşlaryny beýan etdi. Aziýa ösüş bankynyň wekili bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirmekde ýetmezçiligi aradan aýyrmak üçin has netijeli maýa gurallary hakynda gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan tarapyndan gün tertibi — 2030-yň amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn gurallarynyň işlenilişiniň taýýarlanandygy we olary ähli derejelerde durmuşa geçirmeklik üpjün edilendigi bellenildi.

Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda bilimi, saglygy goraýşy, durmuş üpjünçiligini hasaba almak bilen durmuş ulgamyna gönükdirilýän býujet serişdeleriniň paýy 70 göterimden hem ýokarydyr. Mundan başga-da, býujet serişdeleri ýokary hilli, elýeterli, gymmat bolmadyk, ygtybarly hem-de durnukly ulag düzümlerini, energetika, suw üpjünçilik we hemmeler üçin arassaçylyk ulgamlarynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu çäreler obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutulýar, 2019 — 2025-nji ýyllarda bu maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin, takmynan, 10 milliard manat gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň toplumlaýyn wezipelerine ýetmek üçin şol bir wagtda halkara maliýe serişdeleriniň hem-de hususy bölegiň serişdeleriniň çekilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýoly bilen garyşyk maliýeleşdirmegiň usullarynyň we gurallarynyň ösdürilmegi barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Onuň ösdürilmegi ugrunda amatly şertleri döretmek üçin Türkmenistanyň hökümeti kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe çäreleri geçirdi hem-de hususy bölegi goldamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlady. Bu çäreler hususy bölegiň ykdysadyýetiň pudaklaryna gatnaşmagynyň paýyny artdyrmaga, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ugruny ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleri çuňlaşdyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.