BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan indi ençeme gezek möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olar köp halatda dünýä syýasatynda düýbünden täze möhüm ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrülýär. Düýpli gepleşikleriň geçirilmegini höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslarynyň düýbüni tutýar. 

Ine, bu gezek hem ýurdumyz döwletleriň köpüsi üçin örän wajyp we derwaýys meseleler boýunça uly wekilçilikli forumy guramak hem-de geçirmek wezipesini öz üstüne aldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, geljek üçin garaýyşlaryň — Hazar sebitiniň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň seljerilmegini talap edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine indi baha berler. Awgust aýynyň şu günlerinde Awazada geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar, gazanylan ylalaşyklar olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda giň gerime eýe bolar. Ýöne häzirden forumyň taryhy waka bolandygyny ikirjiňlenmän tassyklamak bolar. Munuň özi diňe bir Hazar deňziniň sebitinde ýerleşýän bäş ýurda degişli däldir. 

Beýleki köp ýurtlaryň oňa gatnaşmaga çalyşmagy bu sebitiň geosyýasy we geoykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Hazar “bäşligine” goňşy döwletler hem, çäk taýdan alysda ýerleşýän, ýöne bu ýerde ykdysady bähbitleri bolan döwletler hem şu sebitde bolup geçýän zatlaryň ählisine uly gyzyklanma bildirýärler. 

Hazar sebiti, hakykatdan hem, ykdysadyýet, söwda, ulag nukdaýnazaryndan Ýewraziýa yklymy üçin strategik ähmiýete eýedir. Munuň özi onuň dünýä möçberinde ägirt uly uglewodorod baýlyklaryna hem-de dünýäniň möhüm bazarlaryna oňaýly elýeterliligi üpjün edýän üstaşyr mümkinçiliklere eýedigi bilen şertlendirilendir. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda belledi. Milli Liderimiz bilen forumda çykyş eden Hazarýaka ýurtlaryň hökümetleriniň Baştutanlary hem ylalaşdylar. 

Sebitiň diňe bir kontinental däl, eýsem, dünýä möçberindäki ähmiýeti bellenildi. Diňe bir onuň tutuş adamzada ägirt uly peýda getirmäge ukyply energiýa serişdeleriniň binýadynyň däl, eýsem, dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu täsin deňziň ekologiýa ulgamynyň hem ähmiýeti nygtaldy. Ekologiýa meseleleri bolsa häzirki döwürde umumy dünýä Gün tertibiniň öň hataryna çykýar, çünki olar siwilizasiýanyň geljegi, halklaryň köpüsi üçin bu geljegiň mümkinçiligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ekologiýa diplomatiýasy halkara syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynda bu meselä aýratyn üns berip, tebigaty goramak ulgamynda ylmy barlaglary geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky pikiri öňe sürmek bilen şu ýagdaýlaryň ählisini toplumlaýyn nazara almak, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy-merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki işi üçin şertleri döretmek mümkinçiliklerinden ugur aldyk. 

Milli Liderimiz umumy gymmatlyklara esaslanýan hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen birleşen halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljeginiň uludygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz: “Şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez” diýip aýtdy. 

Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meseledir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Şu sözleriň aňyrsynda adamlaryň durmuşy, döretmek we birek-birek bilen gatnaşmak bilen bagly şatlyk duýgusy durýar. Hyzmatdaşlyk hem-de umumy “Hazar öýüni” gurmak üçin güýç-kuwwatyň baş çeşmesi şundan ybaratdyr. Daşary syýasatynda bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan ähli işlerde özüniň parahatçylyk dörediji ornuna wepaly bolup galýar we gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda möhüm ykdysady wezipeleri çözmekde ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň sebitimiziň parahatçylykly we durnukly ösüşini üpjün etmek, Hazarda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-hukuk esaslaryny döretmek maksady bilen, 2002-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçirilendigini ýatlatdy. Hut şonda Hazar meseleleri boýunça ulgamlaýyn, köp derejeli hem-de yzygiderli gepleşikler üçin berk binýat goýuldy. 

“Biz, hakykatdan hem, uly ýoly geçdik, syýasy-diplomatik ulgamda möhüm ylalaşyklar gazanyldy, hyzmatdaşlygyň giň, mazmunly hukuk binýady döredildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we geçen ýyl Aktauda bäş döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginiň şu işiň netijesiniň bolandygyny nygtady. Bu resminama hyzmatdaşlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. 

...Bäş ýurt ýigrimi ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň maksatnamasynda bu möhüm ugur boýunça “ylalaşygyň” çözgüdini gözledi. Ine, geçen ýyl uzak wagtyň dowamynda Konwensiýanyň üstünde alnyp barlan işler üstünlikli tamamlandy. Munuň özi şol bir wagtyň özünde täze bilelikdäki taslamalar we başlangyçlar üçin badalga boldy. Şunuň netijesinde köp ugurlar boýunça birek-birege ýakynlaşmakda oňyn netijeler gazanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çykyşynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermegiň şol wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Munuň özi Hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň we olara goňşy döwletleriň ykdysadyýetleriniň ösmegine itergi bermäge ukyplydyr. 

Milli Liderimiziň pikirine görä, Hazar deňziniň düýbündäki we oňa ýanaşyk çäklerdäki uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi, senagatyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam eder. Öz nobatynda, oňaýly durmuş netijeleriniň gazanylmagy: täze iş orunlarynyň döredilmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagy, durmuş düzüminiň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurulmagy hem şunuň bilen baglydyr. 

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, bu ugurdaky geosyýasy serişde tutuş sebitiň ykdysady landşaftyny üýtgetmäge ukyplydyr. Şunda dünýä bazarynda onuň orny we täsiri artýar. 

Milli Liderimiz öz çykyşynda ulag ulgamyny Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň örän wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Sebitiň geografiýasy tarapyndan söwda ýollarynyň köpugurly ulgamyny döretmek üçin oňaýly şertler üpjün edildi. Ýöne, olaryň doly güýjünde işlemegi üçin kadaly ulag arabaglanyşygynyň bolmagy wajypdyr. Ýagny, bäş ýurduň arasynda hereket edýän yzygiderli gatnawlaryň bolmagy hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeli işledilmegi möhümdir. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebit logistika merkezini döretmek pikiri barada ýatlatdy. Bu pikir örän wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz bu teklibi öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryny birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, dolandyrmak boýunça bilelikdäki işi utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. 

Elbetde, munuň üçin degişli döwrebap düzümiň bolmagy, onuň işi halkara ülňülerine we beýleki köp sanly görkezijilere we talaplara, şol sanda multimodal gatnawlara laýyk gelmelidir. Türkmenistan eýýäm bu ulgamda uly işleri amala aşyrdy, soňky ýyllarda köp zatlar edildi, sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň möhüm halkalary döredildi. Olaryň doly kuwwatyna çykmagy diňe bir biziň ýurdumyza we goňşy döwletlere däl, eýsem, kontinental derejede hem uly peýda getirer. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş edip, Hazar sebitiniň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Bu gatnaşyklar durnukly, syýasylaşdyrmakdan hem-de ynsapsyz bäsdeşlikden azat bolmalydyr, düşnükli hem-de aç-açan ýörelgelerde işlemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Şeýlelikde, milli Liderimiz degişli halkara düzümleri, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen komissiýalary, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly sebit birleşikleri bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi. 

Hazar gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm suw bölekleriniň biri bolupdyr. Biz bu ýoly gaýtadan dikeltmek bilen, bu işi täze, döwrebap başlangyçlarda amala aşyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz hasaplaýar. Bu başlangyçlar ýurtlaryň ulag-kommunikasiýa toplumyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem özleşdirmäge we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga ugrukdyrmalydyr. 

Ylma, aň-paýhas kuwwatyna daýanmak bäsdeşlige ukyply we geljegi uly gatnaşyjy hökmünde Hazar sebitiniň ykdysady ösüşiniň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ýakynlaşmagynyň üstünlige eýe bolmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda tehnologik we innowasion badalga almagyň binýatlaýyn meýdançasy hökmünde halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmek barada beýan eden teklibi uly gyzyklanma döretdi. Bu pikir diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem onlarçasynyň döwlet düzümlerine hem-de ylmy toparlaryna, işewürler bileleşiklerine wekilçilik edýän HYF — 2019-yň wekilleriniň giň goldawyna mynasyp boldy. 

Milli Liderimiziň şertli atlandyran “Hazaryň innowasion şäheri” pikirleriň özboluşly laboratoriýasy bolmalydyr. Bu ýerde Hazarýaka ýurtlardan we beýleki döwletlerden alymlar, hünärmenler, düýpli we amaly ylymlaryň wekilleri Hazar üçin täze tehnologik ýörelgäniň üstünde bilelikde işläp, innowasion hyzmatdaşlygyň nusgalaryny, Hazar meselesiniň köp ugurlary — energetika, senagat, logistika, düzümleýin ekologiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlap bilerler. 

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli hem-de sebit ösüşinde ylma uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyz hut intellektual döredijilik ulgamynda ykdysadyýetiň innowasion ösüşiniň ägirt uly mümkinçiliklerini görýär. 

Milli Liderimiz Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak işinde hem ylma aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýar. “Hazar sebitinde ykdysady taslamalaryň ählisi ýokary halkara ekologiýa standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz HYF-nyň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy. 

Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmeginiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu Maksatnamanyň Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary döredip biljekdigini belledi. 

“Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Hazar üçin “ýaşyl diplomatiýanyň” netijeli ýollaryny ýola goýmagy, bu işe döwletleri, halkara agentliklerini, ekologiýa merkezlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmegi teklip etdi. 

Biz geografik babatda hem, durmuş ykdysady babatda hem Hazary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz nygtaýar. 

“Ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar öýüniň esasy daýanjy bolup durýar” — döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri köpugurly hyzmatdaşlygyň konsepsiýasy bolup hyzmat edip biler. Şol Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bolsa, Hazar sebitine dünýäniň ykdysady ulgamynda öňdäki orunlary eýelemäge ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem HYF — 2019-a gatnaşýan ýurtlara Birleşen Milletler Guramasynda Hazar sebitini toplumlaýyn ösdürmek boýunça giňişleýin we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi teklip etdi. Bu teklip hem foruma gatnaşyjylar tarapyndan makullanyldy, çünki BMG-niň gurallarynyň çekilmegi halkara giňişliginde sebitiň ähmiýetini has-da artdyrar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň strategik geljegini kesgitlemek bilen: “Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris” diýip belledi. 

Hut şonuň ýaly nusgany sebitiň ähli ýurtlary, häzir hem birek-birege uly gyzyklanma bildirýän, biri-biri bilen köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar bilen bagly bolan halklary görmek isleýär. Şol gatnaşyklar medeni we ruhy mirasyň däpleriniň özara täsiri bilen kemala geldi. 

Munuň şeýledigine HYF-na gatnaşyjylaryň Hazarýaka ýurtlardan has köp gelendigi hem şaýatlyk edýär. Forum ýakynlaşdygyça, adamlaryň, kompaniýalaryň, edaralaryň köpsanlysyny öz gurşawyna aldy. Onuň ähmiýeti baradaky düşünje has aýdyň boldy, şonuň üçin köpler Hazarda hyzmatdaşlygyň täze taryhyndaky ilkinji waka dahylly bolmak islediler. 

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedewiň HYF — 2019-da eden çykyşynda belleýşi ýaly, forumyň aýratyn wezipesi — Hazar “bäşliginiň” çäklerinde hyzmatdaşlygyň köp derejeli ulgamynyň üstüni işewür we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli hem-de döwrebap guraly bilen ýetirip, özara bähbitli taslamalar bilen möhüm syýasy çözgütleri berkitmek bolup durýar. 

Şol sanda üçünji ýurtlaryň gatnaşmagy bilen, hut şonuň üçin oňa beýleki döwletlere wekilçilik edýän Hökümetleriň ýolbaşçylary hem-de myhmanlar gatnaşdylar, çünki Hazar sebiti ykdysady hyzmatdaşlyk üçin doly açyk bolmalydyr. 

Şeýlelikde, 12-nji awgustda Awazada Hazar sebitiniň ýurtlary hem-de olaryň sebitiň çäklerinden alyslardaky hyzmatdaşlary üçin täze hemişelik gepleşik meýdançasy döredildi. HYF-nyň täze, birinji duşuşygynda bu meýdança 60-a golaý ýurtlaryň wekillerini özüne çekdi. Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň forumy yzygiderli geçirmek hakynda başlangyjynyň ähmiýetiniň örän uludygyna şaýatlyk edýär. 

Dürli döwletleriň wekiliýetlerinden başga-da, foruma iri halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara Awtomobil ulaglary birleşigi, Bütindünýä söwda guramasy, Bütindünýä banky we beýlekiler bar. 

Forumyň baý mazmunly maksatnamasy onuň çäklerinde geçirilen wakalaryň: iş duşuşyklarynyň we gepleşikleriň, hökümetara mejlisleriniň, ministrler derejesindäki maslahatlaryň, işewür geňeşleriň, bilermenler geňeşmeleriniň, mowzuga degişli maslahatlaryň we seminarlaryň, beýleki ugurdaş çäreleriň köpsanlysyny öz içine aldy. 

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de “Türkmen sährasy — 2019” halkara awtosergisi gerimleri boýunça has iri çäreler boldy. Giň gerimli sergiler Hazarýaka ýurtlaryň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini giňden görkezip, täze tehnologiýa işlerini peýdalanmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we ýola goýmak boýunça işjeň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. 

Türkmenistan milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşiniň wezipelerini nazara almak bilen dünýä tejribesinde bar bolan ähli täze we peýdaly zatlar üçin açyk bolup, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen mäkäm gatnaşyklary gurýar. Dünýäniň iri önüm öndürijileriniň — daşary ýurt kompaniýalarynyň onlarçasynyň sergilere gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki Hazar gün tertibini döretmek, IT ulgamda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, tejribe alyşmak, sebitiň döwletleriniň hem-de dünýä bileleşiginiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçiliklerini döretmek boýunça wezipäni innowasion tehnologiýalarynyň sergisini guramagyň maksatnamasynda goýdy. 

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň işiniň barşynda birža söwdalary geçirilip, olarda ýurdumyzda öndürilýän önümler çykaryldy, olary satyn almak ugrunda daşary ýurtly kompaniýalaryň onlarçasy, şeýle hem türkmen telekeçileri bäsleşdiler. Netijede, geleşikleriň bahasy bir söwda gününiň ähli görkezijilerinden ýokary bolup, ABŞ-nyň 380 million 179 müň dollaryndan hem gowrak boldy. 

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri, şeýle hem beýleki sebitleriň ýurtlary bilen anyk we strategik ugurlar boýunça giň gatnaşyklara taýýardygyny nobatdaky gezek görkezdi. Forumyň barşynda halkara resminamalarynyň 57-sine gol çekilip, olar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagaty, oba we suw hojalygy, sport ýaly ugurlarda özara gatnaşyklara degişlidir. 

HYF-nyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 13-nji awgustda Awazada geçirilen brifingde ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleri, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň bar bolan mümkinçilikleri baradaky netijeler umumylaşdyryldy, şeýle hem sebitiň köpugurly maýa goýum kuwwatyna baha berildi. 

Brifingde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjynyň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Bu forum Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin meýdança, şeýle hem sebitde we onuň çäklerinden daşda ykdysady ösüşiň guralyna öwrüldi. 

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga hem-de Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşyklarynyň Hazarýaka döwletleriň bu ulgamlarda özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam edýändigi bellenildi. 

Şunuň bilen birlikde, söwda ulgamynda we maýa goýum syýasatynda mümkinçilikleri artdyrmagyň hem-de Hazar sebitinde söwda işini ýeňilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. 

Brifingde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň, şol sanda hususy ulgamyň, assosiasiýalaryň we ylmy toparlaryň öňdebaryjy tejribäni ösdürmek meseleleri hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün etmek çäreleri boýunça işjeň gatnaşyklary saklamagy göz öňünde tutýandyklary tassyklanyldy. 

Şeýle hem HYF — 2019-da Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeleriň hem-de ädimleriň kesgitlenilendigi bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hazar sebitiniň halkara ykdysady giňişlige mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. 

Taraplar şeýle hem maýa goýumlarynyň çekilmegini we Hazarýaka döwletleriň energetika, senagat, ulag, söwda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda innowasiýalary höweslendirmek barada ylalaşdylar. 

Durmuş-ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, ylym we innowasiýalar, ykdysady maglumatlary alyşmak ýaly ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. 

Mundan başga-da, gatnaşyjy ýurtlaryň Hazar sebitiniň döwletleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň, şol sanda BMG-niň sebit komissiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigi nygtaldy. 

Hazar ykdysady forumyny Hazarýaka döwletleriň kenarýaka şäherlerinde yzygiderli geçirmek baradaky çözgüt esasy netijeleriň biri boldy. Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça Beýannama taýýarlanyldy. 

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede guralandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Dünýä metbugatynyň wekilleri forumyň işine ýokary baha berdiler we şeýle möhüm ähmiýetli taryhy waka gatnaşmagyň hem-de ony şöhlelendirmegiň, ýagny Hazar sebitiniň ykbalynda täze tapgyryň başlanmagyna dahylly bolmagyň özleri üçin uly hormat we buýsançdygyny beýan etdiler.