MILLI LIDERIMIZIŇ «TÜRKMEN ALABAÝY» DIÝEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň nobatdaky işi ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe ildeşlerimize ajaýyp sowgat boldy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary, ylmy monografiýalary, köp jiltli düýpli işleri hem-de häzirki zaman Türkmenistan, häzirki wagtda türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman edebiýaty barada gürrüň berýän owadan bezelen beýleki neşirler görkezildi. Sergide milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabyna hormatly orun berlipdir.

Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň gadymy taryhy we baý medeniýeti barada gürrüň berýän şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

Döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň, sazandalaryň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary wakanyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Täze kitap halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmekde hem-de ylmy taýdan öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

«Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri eseriň mazmunyny we gymmatyny kesgitledi. Kitap birnäçe bölümden ybarat bolup, onuň «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!», «Ilkinji hem ynamdar syrdaş», «Çagalyk dosty — wepaly dost», «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi» hem-de «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» diýen bölümleri hormatly Prezidentimiziň oý-pikirlerini beýan edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, türkmen alabaýy barada taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylypdyr. Onda hormatly Prezidentimiziň itleriň bu tohumyny köpeltmegiň milli däplerini çuňňur bilýändigi, şeýle hem bu ugra degişli nakyllarda, atalar sözlerinde we beýlekilerde öz beýanyny tapan köp sanly halk parasady beýan edilýär.

Kitabyň umumy manysy okyja mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we geljegi, onuň tebigata bolan parasatly gatnaşygy barada öz pikirlerini açmak bilen, milli Liderimize häzirki güni we taryhy bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Asyrlaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolan bu itlere hormatly Prezidentimiziň mähriniň hem-de täsirli duýgularynyň ähli çuňlugyny beýan edýän çeper dili ünsüňi özüne çekýär. Şunuň ýaly mähirli we ýürekden çemeleşme ajaýyp fotosuratlar bilen hem ýüze çykýar.

Olarda alabaýlaryň daş sypatynyň aýratynlygy, üýtgeşik güýji we häsiýeti beýan edilipdir.

Itleriň bu tohumy akyly, çäksiz edermenligi, ýokary düşünjeliligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ajaýyp gorag başarnyklary, şeýle hem doly ynanylmagy hem-de wepalylygy bilen tapawutlanýar.

Alabaýlar tebigaty boýunça özbaşdak we garaşsyzdyr. Munuň şeýle bolmagy olaryň terbiýelenmeginiň aýratynlyklary bilen şertlenendir. Olar nätanyş adamlara hüşgärlik bilen garaýarlar, ýöne şunda alabaýlar maşgala agzalaryna, aýratyn-da, çagalara örän hoşniýetlidir. Türkmen alabaýy çagalaryň ene-atalary ýok wagty olara yhlasly we sabyrlylyk bilen esewan bolýarlar.

Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň öwrenilmegine, alabaýlar barada maglumatlary ýygnamaga, ýurdumyzyň çäklerinde iň gadymy ýaşaýyş ýerleri hasaplanylýan Jeýtunda, Altyndepede, Marguşda netijeli arheologiýa işleriniň geçirilmegine üns berdi.

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda gymmatly golýazmalaryň we milli gymmatlyklarymyza degişli gadymy golýazmalaryň köp sanlysy saklanylýar. Bularyň ählisi halkymyzyň taryhyny çuňňur öwrenmäge, onuň baý mirasyny täzeden dikeltmäge we gorap saklamaga ýardam berýär.

Beýleki maglumatlar bilen bir hatarda, geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde alabaý tohumlarynyň taryhyna degişli maglumatlaryň üsti açyldy. Marguşda arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan itleriň jaýlanan ýerleri eýýäm şol döwürlerde bu jandarlara aýratyn garalandygyna, olara diňe bir emläkleri däl, eýsem, döwlet serhetlerini goramakda uly orun berlendigine şaýatlyk edýär.

Biziň eýýamymyza çenli birnäçe müňýyllyklar öň başarjaň ussalar tarapyndan döredilen alabaýlaryň terrakot şekiljikleri Altyndepede tapyldy, şeýle hem gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäklerinde ýaşan itleriň we häzirki alabaýlaryň meňzeşdigi bu tohumyň gadymydygyna şaýatlyk edýär.

Bu ugurda alnyp barylýan işleriň barşynda alnan taryhy maglumatlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eserinde mynasyp orun eýeledi. Milli Liderimiz «gut» (bagt) diýen sözüň it bilen baglanyşyklydygy barada pikiri öňe sürýär, «It geldi — gut geldi» diýen türkmen nakylynda hem çuňňur many jemlenip, ol alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeländiginden habar berýär. Türkmenleriň «It janly» diýlen sözi, tomsa we gyşa — ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerine uýgunlaşan alabaýlaryň çydamlylygyna we merdanalygyna şaýatlyk edýär. «It ýaly sagdyn» diýlen ýene bir jümle bolsa islendik kynçylyga döz gelmegi başarmagy, ýanbermezekligi aňladýar. Alabaýlaryň adamlara ýakynlygy ähli ýagdaýlarda wepaly jandarlara durnuklylygy saklamaga kömek edýän sazlaşykly häsiýeti kemala getirmäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, türkmen halky tutuş taryhynyň dowamynda güýçli, gaýduwsyz, akylly, çydamly hem-de wepaly alabaýlara maşgalasynyň bir agzasy ýaly garapdyr. Mundan başga-da, olaryň häzirki günlere çenli hem öýleriň hem-de sürüleriň ynamdar sakçylary, awçylaryň kömekçileri bolup durýandygy barada gyzykly maglumatlar getirilýär.

Bu tohum asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilipdir. Düzgün bolşy ýaly, çopanlar hemişe kellesi uly, dogumlyja güjüjekleri saýlap alypdyrlar. Uzak wagtlyk seçgiçilik işi olaryň iň oňat häsiýetlerini gorap saklamaga we ösdürmäge ýardam berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda arassa ganly alabaýlary köpeltmek boýunça işler dowam edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň täze neşiriniň milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde deňsiz-taýsyz ähmiýete eýedigi bellenildi. Şöhratly ata-babalarymyz egsilmez döredijilik zehinine eýe bolup, umumydünýä ösüşiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşdy. Bu bolsa halkara derejede ykrar edildi. Olar öz yhlasly we işeňňir, ruhubelent zähmeti netijesinde müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen milli gymmatlyklary döretdiler.

Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň bahasyz gymmatlygyna öwrülen alabaýlaryň dünýä şöhratyny artdyrmakda hem-de olary öwrenmekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmetiniň örän uly ornuny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, öz arassalygyny we gadymy genotipini saklan bu tohum itleriň häsiýetli aýratynlygynyň ylmy maglumatlarda beýanyny tapandygy bellenildi.

Taryh halkymyzyň haýsydyr bir işiň başyny başlaýan bolsa, oňa diňe bir ähli güýjüni we ukybyny däl, eýsem, kalbyny hem siňdirýändigini görkezýär. Çykyş edenler bular barada aýtmak bilen, türkmenleriň tebigy taýdan seçgiçiler bolup, ahalteke bedewi, alabaý, aw iti, tazy ýaly öý haýwanlarynyň täsin tohumlaryny ýüze çykarandyklaryny, şeýle hem ajaýyp el haly işlerini döredendiklerini, olaryň asyrlaryň dowamynda hem, şu günler hem bütin dünýäde şöhratlanýandygyny nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça hut alabaý 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alyndy. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar munuň Türkmenistanyň janly nyşany, milletimiziň we tutuş adamzadyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke bedewi ýaly, türkmen alabaýyna hem gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edendigini bellediler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» diýen täze eseri daşary ýurt jemgyýetçiligine hem halkymyzyň baý taryhy, medeniýeti we mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan kitap mazmunynyň baý maglumatlary, pikir etmegiň çuňlugy we umumy elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary çaphana derejesinde ýerine ýetirilen hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny wagyz etmek boýunça alyp barýan köptaraply işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygy hem-de Diýarymyzyň gülläp ösmegi baradaky aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Täze kitap ýaş nesillerimizi watançylyk taýdan terbiýelemek işinde bahasyz nusga bolup hyzmat eder.
 

* * *


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyşy Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda hem geçirildi. Oňa ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen diplomatlary, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däplerine gyzgyn söýgüsi üçin hormatly Prezidentimize örän uly hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda zehin siňdirip döredýän eserlerinde milli gymmatlygymyzyň bir bölegi bolup durýan türkmen alabaýlaryny wagyz etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köptaraply hem-de ýadawsyz işleriniň Watanymyzyň köpasyrlyk mirasyny artdyrmaga täze itergi berýändigini bellediler.