TÜRKMEN ALABAÝY — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Şu gün Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek gurlan şeýle binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, medeniýet edaralarynyň işgärleri, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dabaranyň geçirilýän ýerine gelen Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowy bu ýere ýygnananlar mähirli garşyladylar. Welaýatyň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, sebitiň ýaşululary bilen söhbetdeş boldy, häzirki özgertmeler barada olaryň pikirleri bilen gyzyklandy hem-de dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan «Türkmen alabaýy» diýen täze kitabyny gowşurdy.

Milli Liderimiziň nobatdaky owadan neşirini uly hoşallyk bilen sowgat alyp, bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Şol pursatda hormatly Prezidentimiziň alabaýa bagyşlap ýazan täze goşgusyna döredilen aýdym ýaňlandy. Täze aýdymy dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Ol şu günki dabaranyň Garaşsyzlygymyzyň beýik baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilýändigine hem-de bu açylýan täze binanyň ähmiýetine ünsi çekdi we hemmeleri bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratly tohumyny köpeltmek boýunça işleriň ýokary hünär derejesinde amala aşyryljak bu toplumyň açylmagy hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda halkymyza peşgeş beren «Türkmen alabaýy» diýen täze kitabynyň il-günümize gowuşmagy bilen hem gabat geldi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eserinde halkyň durmuşynda alabaýlaryň taryhy hem-de eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Aslynda, ylmy-populýar iş bolup durýan bu eser itlere, olary terbiýelemäge we saklamaga bolan garaýyşda milli aýratynlyklara has çuňňur aralaşmaga okyjylara mümkinçilik berýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde, goragçysy, kömekçisi, dosty hem-de ýoldaşy bolup, alabaýlar hemişe nusgalyk edermenlik we çäksiz wepadarlyk görkezdiler diýip, milli Liderimiz belleýär. Şeýle häsiýetleri bilen ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde, gündelik durmuşynda hormatly orun eýeledi.

Hut Garaşsyzlyk ýyllarynda halkyň ruhy we medeni mirasynyň gaýdyp gelmegi bilen baglylykda, türkmen alabaýlarynyň örän gymmatly tohumlarynyň döwletiň daşyna bikanun çykarylmagynyň soňuna çykyldy. Çünki itleriň täze tohumlaryny metizasiýa ýoly bilen çykarmak bolýar, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän tohumy bolsa tapmak örän kyn.

Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanýan alabaýlaryň geljekde ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga hem uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip, Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Dabaranyň dowamynda çykyş eden il sylagly ýaşulynyň ähli watandaşlarymyzyň adyndan milli Liderimiziň milli däplerimizi täzeden dikeltmek hem-de ýaş nesillere geçirmek boýunça alyp baran ýadawsyz işleri üçin aýdan sözleri hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bolup ýaňlandy.

Ol döwlet Baştutanymyzyň alabaýlar baradaky täze kitabynyň türkmenleriň tebigat bilen ylalaşykda we sazlaşykda ýaşamak, halk seçgiçiliginiň hakyky ajaýyplygyny döretmek zehininiň örän aýdyň ýüze çykmalarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň öň ýanynda ajaýyp sowgat bolandygyny aýtdy. Çünki Garaşsyzlyk ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelen hem-de häzirki wagtam öz möhümligini saklaýan milli gymmatlyklaryň hemme güýjüni we çuňlugyny açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Nygtalyşy ýaly, «Türkmen alabaýy» atly kitap döwlet Baştutanymyzyň türkmenleriň buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary, onuň taryhy-medeni we ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi barada ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirdi.

Bu eser diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmenler öz itlerinde batyrlyk we mertebe, gaýduwsyzlyk hem-de wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýeläp ýetişdirmegi başardy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus we iňlis dillerinde neşir edilmegi bolsa halkymyzyň durmuşynda mynasyp orun eýelän alabaýlar barada dünýä jemgyýetçiliginiň hem giňden düşünje almagyna mümkinçilik berer.

Soňky ýyllarda alabaýlara bolan gyzyklanma dünýäde hem ep-esli artdy. Alabaýlar öz tapawutly daş keşbi bilen has-da uly meşhurlykdan peýdalanýarlar. Olar iri we bedeni kuwwatly itler bolup, häsiýeti we özüni alyp barşy bilen tapawutlanýarlar — alabaýlar mähirlidir, ygtybarlydyr we gulak asyjydyr. Bu itler köp ýurtlarda sakçy tohum itleriniň arasynda mynasyp ýagdaýda öňdebaryjy orny eýeledi.

Işine ussatlaryň öňünde hem, işine täze başlaýan itşynaslaryň öňünde hem alabaýlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamak we ösdürmek wezipesi durýar. Bu tohumyň kemala gelmegi babatda asyrlardan gelýän däplere eýerilmegi onuň ajaýyp häsiýetlerini saklamaga kömek eder. Şol häsiýetler türkmen alabaýlaryny beýleki tohum itlerden tapawutlandyrýar. Şoňa görä-de, alabaýlary köpeltmegiň tejribesini toplamak we umumylaşdyrmak, toplanan bilimleri paýlaşmak möhümdir.

Dabaranyň dowamynda ýaş itşynasa hem söz berildi. Ol «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň täze binasynyň açylmagy bilen hemmeleri gutlap, ýaş nesilleriň söýgüli işi bilen meşgullanmaga hemme şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Bu bina türkmen alabaý itlerine bolşy ýaly, olary ösdürip ýetişdirmek, idedip saklamak, kemala getirmek bilen meşgullanýan adamlara hem berilýän örän uly ünsüň alamatydyr diýip, ýaş itşynas aýtdy we Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden kitabyny hem-de ajaýyp binany sowgat berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly myhmanlar «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binasynyň toý bagyny kesdiler. Dabara gatnaşyjylar täze bina aýlanyp görüp, onda döredilen şertler bilen tanyşdylar. Bu desga türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenen binalaryň toplumyndan ybaratdyr.

Toplumy bina etmekde baş potratçy bolup çykyş eden «Bary» hojalyk jemgyýeti hem-de esasy we kömekçi potratçy edaralar tagallalaryny birleşdirip, bellenilen işleri bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» diýen kitabynda: «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň başynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde Aşgabadyň eteginde döwletiň howandarlygynda ýöriteleşdirilen merkezi — weterinariýa hassahanasyny döretmek hakyndaky teklibi orta atdym. Şunda Türkmenistanyň Hökümeti haýwanlaryň saklanylmagy üçin göz öňünde tutulan weterinariýa merkezini gurmak boýunça hemme çykdajylary öz üstüne alýar. Merkezde häzirki zamanyň iň kämil enjamlary oturdylmaly. Ol halkara derejedäki häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmeli» diýip ýazýar.

Haýwanlar üçin bu weterinar merkeziniň gurluşygy tiz wagtda tamamlanar, bu gün bolsa dabaraly ýagdaýda türkmen alabaýlary üçin bir gektar meýdany tutýan ýerde gurlan ýöriteleşdirilen binalar toplumy açyldy. Onuň düzüminde hemme zerurlyklar döredilipdir, çünki uly itler özleri üçin aýratyn giňişlige mätäçdir. Toplumda uly itleri saklamaga niýetlenen 40 sany ýer, ýaş itler üçin niýetlenen 30 ýer göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärleriň dynç almagy üçin niýetlenen bassyrma, işgärler üçin bina, barlag geçiriş nokady bar. Barlaghana zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Hojalyk binasy itleri naharlamak üçin otagdan, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglaryndan ybarat. Toplumda itleri suwa düşürmäge niýetlenen ýörite bina hem gurlupdyr. Şeýle hem weterinar gulluk binasynyň 5-si, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin bassyrmaly manež, tomaşaçylar üçin münberli tomaşa meýdançasy göz öňünde tutulypdyr.

Mundan başga-da, awtoulaglar üçin iki sany garaž, şeýle hem tehniki we beýleki degişli binalar toplumyň desgalarynyň üstüni ýetirýär.

Toplumyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, gök zolaklar döredilipdir. Topluma eltýän täze ulag ýoly çekilipdir. Dabara gatnaşyjylar täze merkezde döredilen şertler bilen tanyş bolup, bu ýerde alabaýlary saklamaga, gezim etdirmäge, köpeltmäge, ýaş güjükler bilen meşgullanmaga, olaryň arassaçylygyna gözegçilik etmäge, şeýle hem seçgiçileriň, beýleki hünärmenleriň oňaýly we netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döwrebap derejede döredilendigine göz ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabynda: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip ýazýar.

Milli Liderimiziň bu sözleriniň dessine berjaý bolýandygyny «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýüze çykarýar. Döwlet Baştutanymyz Watana janyň-teniň bilen gulluk etmegiň hem-de halkymyzyň şan-şöhratyny artdyrmagyň, onuň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýär.

Türkmen alabaýy öz täsin häsiýetleri netijesinde ençeme müňýyllyklara uzaýan durmuş synagyndan örän üstünlikli geçdi. Bu gün bolsa ol, hemişe bolşy ýaly, türkmenleriň durmuş ýolunda hemrasy bolup, täze eýýama gadam goýýar, olary köpeltmegiň gadymy däpleri bolsa, ylmyň we seçgiçiligiň, tehnologik işläp taýýarlamalaryň iň täze gazananlarynyň esasynda häzirki zaman görnüşinde dowam etdirilýär.

Bu tohum itleriň hakyky janköýerleri olary diňe hünär derejesinde köpeltmelidigine ynanýarlar. Şeýle edilende onuň ajaýyp häsiýetleriniň hiç biri ýitirilmez. Çünki şunda hem taryhyň öňünde biziň jogapkärçiligimiz durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellemek bilen, bu pikiri özüniň «Türkmen alabaýy» diýen täze kitabynyň içinden baş maksat hökmünde eriş-argaç edip geçirýär.