SERGI MERKEZINDE DÖREDIJILIK PIKIRLERINIŇ DÜRLI ÖWÜŞGINLI ESERLERI GÖRKEZILÝÄR

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Köp žanrly sergi baýramçylyk temasyna awtorlaryň hersiniň özüne mahsus çemeleşmesini görkezýär.

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy Anna Annaýewiň şu sergidäki işleri beýlekilerden saýry gelýär. Onuň ady kärdeşleriniň we bu ýere gelenleriň dilinden düşmeýär. Baget bilen çäklendirilmedik ýordumlar olara aň ýetirmegiň çägini giňeldýär.

«Ötegçi guşlar» suratynyň dury asman reňk meýdanyny gaýmalaşyp ýören guşlar eýeläpdir. Gaýyp barýan nagyşpisint bulutlar ganatlary bilen howa akymyny böwsüp barýan guşlara goşulýan ýaly bolup görünýär. Surata syn etdigiňçe durmuşa höwesiň artýar, ol seni döredijilik erkinliginiň bendisi edýär.

«Manzar» suraty-da täsiri boýunça ondan peslär ýaly däl, ondaky bulutly asman Köpetdagyň gaýalary bilen garyşyp gidýär, çeşme egremleri oňa özboluşly röwüş berýär. Ýiti uly möçberli ştrihler bilen berlen güýzüň emrine boýun ösümlikler, çemenlikde otlap ýören atlar eseriň ýordumynyň täsirini has-da güýçlendirýär. Awtoryň türkmen halkynyň milli buýsanjy inçebil ahal-teke atlaryna bagyşlanan «Naýbaşy bedewlwer» eseri-de ýokarda agzalan iş bilen utgaşýar.

«Gawun ýygýan gyzlar» suraty reňkleri, tilsimi babatda-da şu awtoryň beýleki üç işinden tapawutlanýar. Owadan gyzlaryň dördüsi gawyna meňzedilen gün nurly atyzlardan ýygan datly miwelerini göterip gelýärler.

Işleriň köpüsiniň gahrymany çagalardy, olaryň bagtyýar ýylgyryşy ýurdumyzyň abadançylygynyň nyşanydyr. Ussat nakgaş Rahman Umarow sergä «Gyzyl köýneklije gyzjagaz» işini hödürläpdir. Bellenmeli ýagdaý – bäş ýaşlyja gyzjagaz Rahmanyň suratlarynyň köpüsiniň gahrymany, žiwopisçiniň döredijilginiň tumary. Onuň «Çarhypelek», «Irki üzüm», «Mähir» ýaly işlerini ýada salalyň, indem «Gyzyl köýnekli gyzjagaz» suraty.

Nakgaşyň ylham çeşmesine dönen bu gyzjagaz kimkä? Biz oňa şeýle sowal bilen ýüzlendik. Asla ol metaforiki keşp, döredijiliginde pikirdeş iki gyzyna bagyşlanma eken.

Suratyň gahrymany owadan gyzyl köýneklije gyzjagaz gum depesiniň üstünde şekillendirilipdir. Belki, onuň kakasy bir ýere gidendir-de, çagajygam onuň gelerine sabyrsyz garaşyp, alyslara nazaryny dikipdir.

Nakgaş Wepa Gurdow «Öýde hiç kim ýokka» suratynda başga bir çagany çekipdir. Pursatdan peýdalanan gyzjagaz sandykdan gupba, maşat daşy bilen bezelen çekelikdir, ýeňselik alyp, olary geýipdir. Durmuşa höwesli gyzjagaza ýylgyrman bakyp bolmaýar.

Nakgaş Baýram Bazarow tilsim taýdan üýtgeşik «Guşlar» suratyny sergä getiripdir. Onuň ýordumy üýtgeşik berlipdir: töweregi zümerret ösümlikler bilen jäheklenen köp gatly ýol aýrydyň üstünden uçup barýan guşlar depesinden şekillendirilipdir. Gunduz kimin ak guşlaryň ýaýylan ganatlary türkmen topragynda bolup geçýän uly möçberli özgertmeleri aňladýar.

Jora Weýisow türkmen topragynyň gözelligini, säheriň tämizligini we dag çeşmesiniň şiriildisini çeper beýan edipdir. Onuň sergide goýlan üç manzary-da realizm žanrynda berlip, eziz Diýaryň gözel ýerleriniň waspyny ýetirýär...