PUDAKLAÝYN ŽURNALYŇ SAHYPALARYNDA ÝURDUMYZYŇ JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY ÖSÜŞINIŇ UGURLARY BEÝAN EDILÝÄR

Her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanylan neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy bilen açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli forumda eden çykyşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi, konstitusion özgertmeleri geçirmek hem-de milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada teklipler aýdyldy. Milli Liderimiziň başlangyçlary türkmen jemgyýetinde doly goldaw tapyp, ýakyn geljek üçin ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlaryny kesgitledi.

Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda «Türkmenistan — ÝUNFPA: strategik hyzmatdaşlyk» atly makala bar. Onda türkmen döwletiniň üstünlikli durmuşa geçirýän gender deňligi babatdaky syýasatynyň ähmiýeti nygtalýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň şertleriniň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) zenanlaryň hukuklaryny goramakda, gender deňligini höweslendirmekde we adam hukuklarynyň milli ulgamyny goldamakda Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar.

Makalada ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan işleriň anyk mysallary getirilýär hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda gol çekilen 2015 — 2020-nji ýyllar üçin täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler görkezilýär.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim özgertmeleri” atly makala bilim ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanýar. Onda bu ulgamdaky maksatnamalaýyn işe ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň wezipelerini çözmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan garalýar.

Makalada milli bilim strategiýasynyň ýurdumyzy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň bölegi bolmak bilen, daşarky ýagdaýlary göz öňünde tutýandygy nygtalýar. Bellenilişi ýaly, XXI asyr durmuşyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmegiň, maglumat tehnologiýalarynyň, önümleriň we hyzmatlaryň, robot tehnikasynyň okgunly ösýän döwrüdir.

Şunuň bilen baglylykda, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu ýyl Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň açylmagy bu babatda möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi barada gürrüň berýän makalada halkara ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtalýar. Hususan-da, onda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işjeň orny bellenilýär.

Anyk mysallar arkaly halkara ynsanperwer hukugy baradaky bilimleri ýaýratmagyň hem-de Gyzyl Hajyň Halkara hereketiniň we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň esasy ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň wajyplygy açylyp görkezilýär.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesi Türkmenistan bilen halkara düzümleriň arasynda barha işjeňleşýän gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän nobatdaky makalada hem öz beýanyny tapdy.

Onda demokratiýany çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde ýurdumyzyň abraýly guramalar we düzümler bilen köpugurly, netijeli özara gatnaşyklarynyň adam hukuklary ulgamynda ynanyşmagy hem-de netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, milli we ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde saldamly goşant bolup durýandygy nygtalýar.

“Nebitgaz pudagynda maýa goýumlaryň mümkinçilikleri we geljegi” atly makalada milli ykdysadyýetimiziň strategik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak mümkinçiligine garalýar, degişli şertleriň, şol sanda maýadarlar üçin hukuk kepillikleriniň bardygy bellenilýär.

Maýa goýum işjeňligini artdyrmak, hususan-da, TOPH gaz geçirijisini, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça senagat kärhanalaryny gurmak ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda makalada daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny çekmek arkaly pudagy toplumlaýyn hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmegiň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny goýmakda ileri tutulýan ugur bolup durýandygy nygtalýar.

“Hazar: hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýollary” atly makalada Hazar sebitiniň kuwwaty barada gürrüň berilýär. Onda möhüm geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň ornuna we ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň çägini Aziýa we Ýewropa bilen birleşdirýän ulag-üstaşyr hem-de söwda geçelgeleriniň mümkinçiliginden işjeň peýdalanmak babatda makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtalýar.

«Ulag-logistika: halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry» atly makalada halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag-logistika mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar. Makalanyň awtory dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumylaşmagy hem-de goşulyşmak işiniň işjeňleşmegi bilen ulag ulgamynyň ýokary derejede ösdürilmegi döwrüň talabyna öwrülýär hem-de durnukly ösüşiň ileri tutulýan maksatlaryna ýetmek üçin möhüm şert hökmünde çykyş edýär.

«Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň taslamasyna esaslanýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hazar — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesiniň taslamasy we beýlekiler munuň aýdyň mysallary hökmünde getirilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti we wajyplygy döwletara hem-de halkara düzümleriň goldawy arkaly tassyklanylýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän neşir däp bolan “Senenama” atly maglumatlar ýygyndysy bilen jemlenýär. Onda abraýly guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilen çäreler beýan edilýär.