ENERGETIKA ULGAMYNYŇ DOLY SEPLEŞIGI: SINERGETIKI NETIJELILIK

Türkmenistanda Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz EGL çekmek taslamasynyň çäklerinde energetika ulgamynyň doly sepleşigi dörediler.
«Türkmenenergo» Döwlet elektrik energiýasy korporasiýasynyň tabşyrygy boýunça «Türkmenenergotaslama» instituty taslama-smeta resminamalaryny taýýarlaýar. Gurluşygyň potratçysy kesgitlenildi- bu işi «Türknenenergogurluşyk» konserni ýerine ýerirer. Taslamany durmuşa geçirmek üçin Aziýa ösüş banky ýeňilliki karz serişdesini berdi.
Doly sepleşikli energetika ulgamynyň gurluşykçylary kuwwatlylygy 500 kW asma elektrik geçirijileriň 560 kilometrini we kuwwatlylygy 220kW 475 kilometr EGL gurarlar. Mundan başga-da, iki sany 500/220/110 kW kuwwatlykly we 220/110 kW kuwwatlykly kiçi beketleriň ikisi işe giriziler.
Taslamada Ýewropa ölçeglerine laýyk taýýarlanan güýçlendiriji transformatorlar, tok öçüriji, aýryjy, rele goragy we awtomatiki enjamlar oturdylar. Doly sepleşdirilen desgalar döwrebap kompýuter programmalary bilen enjamlaşdyrylar, olar uzak aralykdan dolandyryşy we işiň bellenilen ölçeglerine yzygiderli gözegçilgi üpjün ederler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwrebap gaz turbinaly elektrik beketleri, elektrik kiçi beketleriň, onlarçasy, ýokary woltly elektrik geçiriji liniýalar ulanylmaga berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik beketleriniň 13-si hereket edýär. Elektrik öndüriji täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi bilen aýry-aýry desgalaryň we umuman milli energetika ulgamynyň hereket etmeginiň has netijeli düzgünlerini kesgitlemek hem-de ornaşdyrmak mümkinçiligi döredi. Doly sepleşik welaýatlaryň we Aşgabadyň energetika ulgamlarynyň arasynda özara ätiýaçda saklanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Hemişelik ätiýaçlygy bolan energetikler ulanyjylara zelelsiz energobloklary, elektrik kiçi beketleri, elektrik geçiriji liniýalary abatlap we döwrebaplaşdyryp bilerler.
Uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmaga, elektrik energiýasyny tygşytlamagyň hilini ýokarlandyrmaga we ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiligni has-da artdyrmaga gönükdirilendir.