SPANBONDDAN MELTBLAUNA ÇENLI: TÜRKMENISTANDA ISLEGLI DOKALMAÝAN MATERIALLAR ÖNDÜRILÝÄR

«Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özleşdirdi. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda telekeçiler ýylda 2500 tonna golaý önüm çykarmaga niýetlenen zawod gurdular. Çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ulanylýar. Ol aýratyn – dokma usuly ulanmazdan filýer usulda matada süýümleriň has dykyz ýerleşmegini gazanmaga mümkinçilik berýär.

-Filýer usuly polimer ergininden alynýan sapaklary ýa-da süýümleri şol bir wagtyň özünde mata salyp, emele getirmäge mümkinçilik berýär – diýip Söhbet Hojaýew gürrüň berýär. – Ilki polimer eredilýär we süzülýär, soňra süýümler emele getirilip başlanýar. Filýer -- gyzgyna durnukly deşik-deşik demir plastina bolup, olardan gysylyp çykarylýan ergin polimerden inçejik sapaklar emele gelýär. Sapajyklar mata dürli usulda sepleşdirilýär. Biz onuň termoberkitme usulyny ulanýarys.

Bu usul has dykyz, berk, egrelmä durnukly. Şeýle hem gigrospkopik material almaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy hojalyk jemgyýetine laýyklyk sertifikatyny berdi, golaýda Aşgabatda geçirilen hususy haryt öndürijileriň gazananlarynyň sergisinde bolsa «Тürkmen senet» HJ üçünji derejeli diploma mynasyp boldy.

Dokalmaýan material öndürmek, rulonlary we beýlekileri emele getirmek üçin enjamlar Hytaýdan satyn alyndy. Dürli dykyzlykdaky, şeýle hem inli we reňkli spanbond rulon görnüşde satuwa çykarylýar.

-Spanbond ýokary fuksional sypatlary netijesinde dürli ýerlerde ulanylýar – diýip «Тürkmen senet» HJ-nyň baş direktory Baba Örenyýazow gürrüň berýär. – Dokalmaýan materialdan lukmançylyk eşikleri, operasiýa örtükleri, daşlyklar we başga-da ençeme zat taýýarlanylýar. Ol agrotekstil we gidroizoýasiýa materiallaryny öndürmekde, furnitura we gaplaýyş mateiallary, şeýle hem daşlyk-örtükler, ýantorbalar we ş.m. zatlar hökmünde, şeýle hem zenanlar we çagalar gigiýenasy serişdeleri, lukmançylyk edaralarynda we kosmetologiýa salonlarynda bir gezek ulanylýan eşikleri çykarmak üçin ulanylýar.

Şu ýylyň mart aýynda hojalyk jemgyýeti synag hökmünde ýüz tonnadan gowrak sintetiki material çykardy we önümçilik depginini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda kärhana iki çalşykda işleýär. «Saglyk» farmasewtika kärhanasy täze önümi esasy ulanyjydyr, bu ýerde spanbonddan bir gezek ulanylýan lukmançylyk halatlary, gorag nykaplary, bahillalar we bu pudakda peýdalanylýan beýleki önümler taýýarlanylýar.

Telekeçiler ýakyn wagtda meltblaun – galyňlygy 0,01-den 0,2 dtexe çenli ýokary sorujylygy bilen tapawutlanýan polipropilen süýümlerden ybarat material öndürmegi özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. Kompozit dokalmaýan materiallarda meltblaun gatlagynyň bolmagy netijesinde olaryň antibakterial sypatlarynyň spanbonddan 7-10 esse ýokary bolmagy lukmançylyk maksatlary üçin örän wajypdyr. Ol şeýle hem uçarlarda we otlularda üç gat bir gezek ulanylýan kellegoýarlarda, bir gezek ulanylýan ýorgan-düşeklikler toplumlarynda ulanylýar.

Telekeçiler dokalmaýan materiallardan önümleriň giň görnüşini öndürmegi ýola goýmagy niýet edinýärler. Kärhanada bir gezek ulanylýan egin-eşikler, daşlyklar, ýantorbalar, furnitura, gaplaýyş materiallaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin tikinçilik sehi gurulýar. Geljekde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde şeýle sehleri açmak göz öňünde tutulýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14102