BAŞ DRAMA TEATRYNYŇ ÝAŞLAR ÜÇIN TÄZE SPEKTAKLY

«Söýgi gämisi» spektakly ýakyn wagtda Baş drama teatrynyň repertuarynyň üstüni ýetirer. Ýaşlara niýetlenen oýun Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy boýunça goýuldy. Her hili hilelerdir duýdansyz ýordum öwrümlerinden doly spektakl her dürli duýgy döredýär, gussanyň ornuna gülki gelýär...

Pýesanyň gysgaça mazmuny bilen tanşalyň. Paýtagtda döwlet derejesinde döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Onda ýeňiş gazansaň – tanymallar älemine ýol açýaň. Şonuň üçinem baş gahryman Arzuw-da, onuň bäsdeşleri Maksat bilen Çary hem baş bagragyň höwesinde. Ýöne Arzuw sesine bil baglap, bäsleşigie irniksiz taýýarlansa, Maksatdyr Çary güýçli bäsdeşinden dynmak üçin döredijilik bilen bir ýere sygyşmaýan ýol gözleýärler.

Konserwatoriýada Arzuwa duş gelenlerinde olar bäsleşigiň eýýäm tamamlanandygyny, indi gyzyň arkaýyn öýüne gaýdybermelidigini habar berýärler. Emma kompozitor Aýdyň Amanow onuň ýalandygyny aýdýar. Onsoň gyz taýýarlygyny dowam edýär we bäsleşikde aýtmak üçin aýdym saýlaýar. Arabozarlar Aýdyňyň aýalyna: «adamyň saňa ikilik edýär» - diýýärler...

Adamsy bilen dawa edip durka Aýdyňyň aýaly «Sen geldiň-de, garyp köňlüm baý etdiň» goşgy ýazylan kagyzy elinden gaçyrýar. Täsirli goşgy Arzuwy tolgundyrýar, onsoň ol kompozitordan bu goşga aýdym ýazmagy haýyş edýär. Indi bäsleşige aýdym tapyldy! Baş gahrymanyň synpdaşlarydyr ejesi-de bu bulagaýlyga goşulýarlar, Arzuwyň güni barha kynlaşýar. Bäsleşik geçirilýän gün bolsa, oňa öýünden çykma hylalla bolýar...

Maksat eýýäm özüni ýeňiji saýyp, hyýalynda tanymallyga ýetýär, ýöne ýagşy ýamandan üstün çykyp, bar zat oňuna bolmasa, ondan drama boljakmy?! Arzuw bar kynçylygy ýeňip, «Sen geldiň-de, garyp köňlüm baý etdiň» aýdym bilen üstünlik gazanýar.

-Spektaklymyz ýaş tomaşaçylara niýetlenen soň oňa ýaşlaryň deň-duşlary – döredijilik toparymyzdan ýaş artistler gatnaşýarlar - diýip, oýun goýujy režisýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa gürrüň berdi, bu spektakl onuň ilkinji režisýorlyk işidi.

Aktýorlardan baş gahrymanyň aýlay – ýaryny söýýän hem näzik, gujurly hem parasatly, maşgala durmuşyna rahatlygy gaýtarmak üçin elden gelenini edýän Mähribanyň keşbini Dilşat Meläýewa inçelik bilen ussatlarça döredipdir.

Är-aýal Merjen we Begenç Garlyýewler baş gahrymanlar – Arzuw bilen Aýdyňyň keşbini ýerine ýetiripdirler. Ýaramaz häsiýetli gahrymanlar – Maksat bilen Çarynyň keşbinde grotesk tilsimde Magtymguly Gurbanow we Atajan Annaberdiýew zehinli çykyş edýärler. Türkmenistanyň at gazanan artisti Perhat Babaýew we Azat Didarow hem keşp döretmäge zehin siňdiripdirler.

Gowşutgeldi Daňatarow pýesa Zyba atly wäşi gyzyň gatnaşmagynda birnäçe epizod girizipdir. Türkmenistanyň at gazanana artisti Gülşat Tahyrowa gülküli sahnalary döretmegiň hötdesinden gelipdir.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Selbi Nyýazowa spektaklyň özboluşly we göwrümli sazyny döredipdir.

-Teatryň çeper ýolbaşçysy hökmünde men oýnuň sahnalaşdyrylyşyna gyzyklanyp syn etdim, ýöne döredijilik işine goşulmadym - diýip Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow gürrüň berdi. – Men režisýoryň we artistleriň özüni doly derejeli sahna eýeleri duýmaklaryny, batyrgaý ideýalary öňe sürüp, her hili synanşyklar etmegini isledim. Tomaşaçylaryň ýaşlyk joşguny we kreatiw ideýalar bilen döredilen bu işe gowy baha berjekdiklerine ynanýaryn.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14517