TBILISINIŇ MERKEZINDÄKI MONITORLARYŇ WIDEOŞEKILLERI TÜRKMENISTANYŇ ŞU GÜNKI DURMUŞY BARADA GÜRRÜŇ BERÝÄR

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy we Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wagyz ediş çäresini gurady. Tbilisiniň merkezi köçeleriniň birinde, şeýle hem demir ýol wokzalynda we metropolitende oturdylan äpet monitorlarda ýurdumyzyň durmuşy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

Gruzin paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýurdumyzyň uly möçberli üstünlikleri, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, myhmansöýerligi we parahatçylyksöýüjiligi, şeýle hem gözel tebigaty hem-de binagärlik ýadygärlikleri, türkmen paýtagtynyň keşbi bilen tanyşmaga mümkinçiligi bar. Wideoşekilli çäre oktýabr aýyna çenli dowam eder.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14887