ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT ÜÇIN WATAN SYLAGLARY

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllyk ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin ýörite sylaglara we degişli derejelere mynasyp boldular. Bu dabaralar ýurdumyzda öz tejribesini, bilimini we başarnygyny mähriban Watanymyza halal hyzmat etmek ýaly asylly işe bagyş eden, öz hünäriniň ussatlary we tapawutlanan işgärleriň aýratyn hormat eýesi bolýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maksada okgunly, köptaraply, öz borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän we Watanymyzyň bähbidine tagallasyny gaýgyrmaýan adamlar ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ählumumy agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary beýik Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, bagt, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalary hem-de senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny köpugurly esasda ösdürmek babatda iri durmuş-ykdysady maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan häzirki zaman önümçilik kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzümine degişli desgalar yzygiderli gurulýar.

Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Welaýatlaryň has çetki künjeklerinde ýerleşen ilatly ýerleriň durmuş derejesi özgerdilýär, şäherlerde we obalarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän düzümler döredilýär.

Dabaralarda Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen mejlisinde kabul edilen täze wajyp çözgütleriň döwletimiziň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14886