LÝUDWIG WAN BETHOWEN: ÇÄKSIZ ZEHINDEN DÖRÄN SAZLAR

Şu ýyl naýbaşy nusgawy saza ol ýa-da beýleki derejede degişli adamlar beýik nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyny belleýärler. Kompozitor heniz aýatda diri wagty onuň şan-şöhrady Awstriýanyň we Germaniýanyň çäginden çykypdyr.

Ýyllar tutuş dünýäde onuň zehininiň muşdaklaryny artdyrypdyr.

Bethowen Bonnda köşk kapellasynyň aýdymçysynyň maşgalasynda dünýä inýär we başlangyç saz bilimini kakasyndan alýar. Soňra köşk organçysy Nefeden sapak alýar, heniz 12 ýaşamanka kapellada onuň ornuny tutýar. Şol döwürde hem onuň «E. Dressleriň marşyna klawir üçin 12 wariasiýa» atly ilkinji eseri neşir edilýär.

Bethowen Bonndan şol döwür saz durmuşy möwç uran Wena göçüp gidýär. Şol döwürde ökde sazandalygy bilen tanalan ýaş pianinoçy Bethowen özüniň ussat pianinoçy hökmünde ýokary baha beren kärdeşi Mosarta duşýar. Wenada ol Gaýdndan sapak alsa-da, ýöne onuň bilen mäşi bişişmeýär, rowaýatda aýdylýanlaryň tersine, öte hoşamaý adam we sazanda Salýeriniň elinde Bethowen ussatlygyny kämilleşdirýär.

Bethowen Wenada 1795-nji ýylda ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş edýär, kän wagt geçmänem iň islegli sazandalaryň birinie öwrülýär. Şaýatlaryň ýatlamalaryna görä, şol döwürde Bethoweniň sazandarlygynda joşgunly hyjuwy we çeper ussatlygy hyýalynyň baýlygy bilen utgaşypdyr.

Döredijiliginiň ortaky döwründe ýeke-täk «Prometeýiň döredijiligi» baletini, «Fidelio» operasyny we ummasyz sonatlary döreden çagy Lýuwig wan Bethoweniň gulagy gapylýar. Islendik adama kerlik hasrat getirýär, sazanda üçin bolsa, ol käriňi ýitirmäge barabar. Ýöne saz taryhynda görlüp-eşidilmedik ýagdaý bolýar – Bethowen erkiniň gujury bilen töweregini hem nesilleri haýrana goýup, saz döretmegini dowam edýär...

27-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Lýudwig wan Bethowene bagyşlanan konsert boldy. Konserti 4-nji ýyl talyby Merdan Çaryýew Skripka üçin «Fa mažor» romansy bilen açdy. Merdanyň ýerine ýetirmeginde näzik we örän çeper romans edil wokal eseri ýaly ýaňlandy.

«Ilkinji gezek ýerine ýetirilýär» sözleri hemişe diňleýjileriň ünsüni özüne çekýär. Konserde Bethoweiniň «Tebigatyň Hudaýa hamd-senasy» we «Rus temasyna wariasiýalar» eserleri ilkinji gezek çalyndy. Aýdymçy Bahar Durdyýewa birinji eserden «Maý gijesi» we «Näzik söýgi» aýdymlaryny aýtdy. 4-nji ýyl talyby Emir Baýramdurdyýew fleýtada ikinji eserini çaldy. Wariasiýalaryň biri diňleýjileri haýrana goýdy: onda «Ты ж мене пидманула» ukrain aýdymynyň äheňleri ýiti duýulýardy, beýleki wariasiýasy sisiliana stilinde, üçünjisi – marş stilinde, galanlary –Bethowene mahsus stilde ýerine ýetirildi. Ýöne näme üçindir, awtor eserine «Rus temasyna wariasiýalar» diýdikä? Belki, şol döwürde ukrain aýdymyna ruslaryňky diýlip düşünilendigi üçin bolsa gerek.

Bethoweniň belli «Aý sonatasy» eseri tutuş dünýä meşhurdyr, diňleýjiler hemişe onuň çalnaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ine-de, roýalyň başyna Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow geçýär. Wladimir Sergeýewiç düwmelere basandan tanyş we ajaýyp eseriň jadyly owazy zala dolýar.

Halkara bäsleşikleriniň laureatlary Aýbölek Muhyýewa bilen Stella Faramazowa Bethoweniň dosty – skripkaçy we kompozitor Rodolf Kreýsere bagyşlanandygy sebäpli Kreýser sonatasy ady bilen tanalaýan Skripka we fortepiano üçin 9-njy sonatany ýerine ýetirdiler. Sonatalar – sazy ansambllaşdyrmagyň ýokary mekdebidir, olary ýerine ýetirmek konserwatoriýanyň talyplary üçin ajaýyp okuw materialydyr.

Bahram Dolyýewiň (skripkada), Kakageldi Hojalekowyň (wiolençelde) we Wladimir Mkrtumowyň (fortepianoda) çalan «Do mažor» 5-nji triosy hem diňleýjleriň ýadyna galdy. Eser şu üç saz guralynyň «söhbeti» görnüşde guralan, olar ýakyn dostlar ýaly birek-birek bilen jedelleşselerem, ahyrsoňy ylalaşyga gelýärler.

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň sazandalary 9-njy kwartetiň üçünji we dördünji bölümleri bilen konserti jemlediler.

Lýudwig wan Bethowene bagyşlanan konsert aşgabatly nusgawy saz muşdaklarynda ýakymly täsir galdyrdy we onuň döredjiliginiň muşdaklaryny artdyrdy. Agşamyň ahyrynda diňleýjiler Bethoweniň sazlaryny ajaýyp ýerine ýetiren sazandalara gül desselerini gowşurdylar, olary şowly çykyşy bilen gutlap, sazandalar bilen bile surata düşdüler.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)