AŞGABADYŇ DEMIRGAZYGYNDA HÄZIRKI ZAMAN KOTEJ TOPLUMY GURLAR

Aşgabadyň demirgazyk böleginde, Altyn kölüň kenarynda häzirki zaman kotejler toplumy bina ediler. Ol kölüň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşer. Kenarýaka bilen taslamasy düzülýän täze ulag ýolunyň arasynda ýerleşýän bu ýaý görnüşli ýarymaýlaw zolagyň meýdanynyň giňligi 424 metre deňdir, diametri 4 müň metrden, uzynlygy bolsa 7 kilometrden hem gowrakdyr. «Ýaýyň» merkezinde amfiteatrly we awtomobil duralgaly seýilgäh gurlar. Şol-da kotej toplumynyň geometriki merkezi bolar.
Paýtagtyň gurluşygynyň 17-nji nobatynyň çäginde «Garagumuň merjenleri» hasaplanýan ajaýyp çägesöw kenaryň ýanynda ýerli potratçylyk edaralary bir wagtda 1000-e golaý şäherli dynç alar ýaly 268 sany ikigatly kotejleri guraralar. Bu ýerde sapaly dynç alşy ýola goýmak üçin zerur bolan ähli infrastrukturalar hem dörediler.
2013-nji ýyldan, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Aşgabadyň çäkleri esli giňeldildi we oňa indi Altyn köl atlandyrylýan öňki Gurtly kölüniň ýeri-de girýär. Bu suw howdany çölüň gyrasyndaky köl bolmagyny bes etdi. Indi ol ösüp-giňäp barýan paýtagtyň şäher gurluşygy bilen doly utgaşmalydyr.
2024-nji ýylda gurlup gutarylmagy meýilleşdirilen kenar çyzygynyň ugrunda häzirki zaman kotej toplumynyň we ähli dynç alyş infrastrukturasynyň döredilmegi, gürrüňsiz, aşgabatlylaryň durmuş derejesini gowyulandyrmaga ýardam eder. «Altyn köl» taslamasy biziň ak mermer paýtagtymyzy Merkezi Aziýada halkara ähmiýeti bolan wetland künjekli ilkinji şäher diýip atlandyrmaga mümkinçilik berer.
Paýtagtyň gurluşygynyň 17-nji nobatynyň Baş meýilnamasyny işläp düzenler – «Türkmendöwlettaslama» birleşmesiniň binagärleri we inženerleri – dynç alyş zolagynyň taslamasynyň üstünde işlänlerinde, onuň üçin aýrylan 300 gektar meýdany 13 bölege bölüpdirler, ýakyn wagtlarda olaryň on sanysynda haýtek usulyndaky iki gatly kotejler gurlar. Dürli ministrlikleriň buýurmasynyň esasynda şol bölekleriň her birinde iki ýa ondan köp maşgalanyň dynç almagy üçin kotejleriň dört görnüşini gurmak göz öňünde tutulýar. Az gatly binalaryň daşky bezegi we içki dizaýny biri-birinden tapawutlanar. Olar dynç alýanlarda rahatlyk duýgusyny dörederler, dünýä binagärliginiň we inžener-tehniki pikiriniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän taslama bolsa – ekologik howpsuzlygy we amatly dynç alşy üpjün eder.
Altyn köl saglygy dikeldiş, dynç almak we wagtyňy hoş geçirmek üçin-de, asuda howa şertlerinde adaty gezelenç üçin-de gyzykly bolmalydyr. Bu ýerde döredilýän dynç alyş zolagy – häsiýeti boýunça ekologiýa taýdan durnukly ada meňzär. Ol şübhsiz, ekologiki medeniýetiň emele gelmegine ýardam eder we aşgabatlylaryň hem-de paýtagtyň myhmanlarynyň söýgüli dynç alyş merkezine öwrüler.
Wladimir KOMAROW
Aşgabadyň demirgazygynda häzirki zaman kotej toplumy gurlar (turkmenistan.gov.tm)